Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň premýer-ministrinde we 4 maşgala azgasynda COVID-19 anyklandy


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian we onuň maşgala azgalarynyň dördüsi täze koronawirus infeksiýasy bilen hasaba alnypdyr.

“Gynansak-da, biziň testlerimiziň netijeleri pozitiw" diýip, Paşinian 1-nji iýunda Facebook arkaly geçiren göni efir çykyşynda aýtdy.

1-nji iýunda 45 ýaşyny dolduran Paşinian aýaly we üç gyzy bilen bile ýaşaýar. Onuň ogly şu wagt goşunda gulluk edýär.

Paşinian özünde keseliň hiç bir simptomynyň ýokdugyny, emma goşuna etjek bolan saparynyň öňýany testden geçendigini aýdýar.

“Mundan soň tutuş maşgalamyz testden geçdi, olaryň netijeleri hem pozitiw çykdy" diýip, Paşinian aýtdy we öz maşgala agzalarynda hem COVID-19 keseliniň alamatlarynyň ýokdugyny belledi.

Ermenistanyň premýer-ministri öz residensiýasynda üzňelikde boljagyny, emma şol ýerde işlejegini mälim etdi.

Nikol Paşinian hökümetiň jemgyýetçilik ýerlerde maska dakynmagy talap edýän karary yglan edeli bäri günde koronawirus barada eden çykyşlarynda maska dakynýardy. Ol ermenistanlylary COVID-19 garşy maska dakynmak, sosial distansiýany saklamak, el ýümak we beýleki arassaçylyk çareleri berjaý etmek ýaly talaplary ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Üç million ilatly ýurtda Ermenistanda mart aýyndan bäri 9 400 adam koronawirus bilen hasaba alyndy. Bu ýurtda 139 adam ýogaldy.

XS
SM
MD
LG