Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-özbek serhedinde bolan çaknyşykda onlarça adam ýaralandy


Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň arasyndaky dawaly serhetýaka regiony, Soh enklawy, 31-nji maý, 2020.
Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň arasyndaky dawaly serhetýaka regiony, Soh enklawy, 31-nji maý, 2020.

Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň arasyndaky dawaly serhetýaka regionynda bolan çaknyşykda onlarça adam ýaralandy.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň 1-nji iýunda aýtmagyna görä, ýurduň Batken regionynda ýerleşýän Özbegistanyň Soh eksklawynda bur gün öň dörän çaknyşykda 25 sany gyrgyz raýaty ýaralanypdyr.

Ministrligiň maglumatyna görä, ýaralananlaryň dördüsi Aidarken obasynyň keselhanasynda galýarlar. Olaryň ikisi agyr ýagdaýda we operasiýa edilýär.

Eksklawyň ýaşaýjylarynyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, çaknyşykda ýerli ýaşaýjylardan hem 16 ýaralanypdyr. Özbek häkimiýetlerinden resmi taýdan tassyknama bolmady.

Özbegistanyň Döwlet serhet gullugy ýagdaýyň kontrol astyndadygyny 31-nji maýda aýtdy.

31-nji maýda dörän bu çaknyşyk Çeşme atly gyrgyz obasynyň we Çaşma atly özbek obasynyň ýaşaýjylarynyň arasynda bu ýerden akýan suw çeşmesiniň üstünde dörän jedeliniň yzýany tutaşdy.

XS
SM
MD
LG