Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Garaýagyz adamyň polisiýada heläk bolmagy köçe protestlerine sebäp boldy


Minneapolis, Minnesota, 26-njy maý, 2020

ABŞ-nyň ençeme şäherinde jyns adalatsyzlygyna garşy 31-nji maýda dörän protestler dowam edýär. Minnesota ştatynyň Minneapolis şäherinde garaýagyz adamyň polisiýada saklanan wagtynda ýogalmagy protestleri tutaşdyrdy.

Waşingtonda Lafayette Parkyň golaýynda geçirilen proteste ýüzlerçe adam gatnaşdy. Ýörite geýimli polisiýa wekilleri parkyň ugrunda hatara durdy, protestçiler "gara adam janynyň ähmiýeti bar", "ellerini ýokary göteren atmaýar" we "adalat ýok ýerinde, parahatçylyk ýok" mazmuny şygarlar bilen Ak Tama tarap ýöräp geçdi. Garaňky düşensoň parkyň golaýynda azyndan iki gezek ok atylansoň, polisiýa märekäni dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy we rezin oklary ulandy.

Nýu Ýorkda şäheriň ençeme ýerinde müňlerçe adamyň protest edip geçiren ýörişinde azyndan bir awtoulaga zeper ýetdi. Protestçiler jynsparazlyga garşy şygarlary öňe sürdi, polisiýa tarapyndan öldürlen adamlaryň hatyrasyna köçelerde dyza çökdi we Times Square meýdançasynda dymyşlyk pursatlaryny geçirdi.

St. Paul şäherinde köçeden ýöräp barýan protestçileriň üstüne ýük ulagy sürenden soň dartgynlylyk döredi. Polisiýa ýük ulagyň sürüjisini tussag etdi.

Prezident Tramp ýekşenbe güni Twitter ulgamynda ABŞ-nyň "Antifa" atly antifaşist hereketini terrorçylykly toparlaryň sanawyna goşjagyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG