Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik serhediniň golaýynda bolan ok atyşykda bir gyrgyz raýaty ýaralandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyz-täjik serhediniň jedelli böleginiň golaýynda bolan başga bir ok atyşykda ýaralanan bir gyrgyz raýaty keselhana ýerleşdirildi.

Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň 2-nji iýunda beren maglumatyna görä, bu waka gijäň ýarynda ýurduň günortasyndaky Batken regionynda boldy.

Gullugyň habaryna görä, näbelli adamlar ýerli wagt bilen gije sagat 1:30 töwereginde Eski-Taş etrabyndaky gyrgyz döwlet belgili ulaga ot açypdyrlar.

Gyrgyz Serhet gullugynyň aýtmagyna görä, awtoulagdaky adam ýaralanypdyr we häzirki wagtda ol Samarkandek obasyndaky keselhanada saglyk bejergisini alýar. Şeýle-de, maglumatda iki ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň bu mesele boýunça bilelikde işleýändigi hem aýdylýar.

Täjigistan tarapy bu waka boýunça heniz kommentariý bilen çykyş etmedi.

Bu soňky hepdelerde sebitde bolan dördünji atyşykdyr.

Iki ýurt maý aýynyň başyndan bäri birek-biregi serhet ýakasyndaky dartgynlygy güýçlendirmekde aýyplaýar.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan bäri Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitleriniň köpüsi jedelli bolup galýar.

XS
SM
MD
LG