Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanda petiklenme çäreleri ýeňilleşdirilýän wagtynda wirus ýokuşanlaryň sany artýar


Ermenistanda ýörite gorag geýmindäki saglyk işgäri.

Ermenistanda saglyk häkimiýetleri, hökümetiň aprel aýynyň ortalarynda tutuş ýurt boýunça petiklenme çärelerini ýeňilleşdirip başlaly bäri hasaba alnan koronawirus näsaglarynyň sany yzygiderli köpelýän wagtynda, gündelik wirus ýokaşmalarynyň we ölümleriň rekord sany barada habar berýärler.

Ermenistanyň Saglyk ministrliginiň 2-nji iýunda beren maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda, takmynan 3 million ilatly ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň sany 517 adam artyp, 10009 adama ýetdi.

Bu waka premýer-ministr Nikol Paşinianyň özüniň we başga-da dört maşgala agzasynyň koronawirus barlagyndan geçendigini hem-de onuň netijeleriniň pozitiw bolandygyny aýtmagyndan diňe bir gün soňa gabat geldi.

Ermenistanyň Saglyk ministrligi COVID-19 keselinden ýene 19 adamyň ölendigini aýdyp, ýurtda bu wirusdan ölenleriň resmi sanynyň 158 adama ýetendigini mälim etdi.

Bu san wirus ýokuşan beýleki 56 adamyň ölümini öz içine almaýar. Ministrlik olaryň ölümine esasan beýleki, öňden bar bolan şertleriň sebäp bolandygyny aýdýar.

Saglyk resmileri jemi 3427 hassanyň bu keselden açylandygyny hem aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG