Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bomba partlamasynda parahat ilatdan ýedi adam öldi 


Owgan resmileri "Talyban" tussaglaryny boşadypdy.
Owgan resmileri "Talyban" tussaglaryny boşadypdy.

Owganystanyň resmileri ýurduň demirgazygynda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde parahat ilatdan ýedi adamyň ölendigini we başga-da alty sanysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Bu hüjüm, geçen hepde Talyban bilen hökümetiň arasyndaky ok atyşyk bes edilenden bäri Owganystanyň köp böleginde ýowuzlygyň azalan mahalynda amala aşyryldy.

Partlama 1-nji iýunda giçlik Gunduz welaýatynyň durnuksyz Han Abad etrabynda kiçi ýük awtoulagy bir topar işçini alyp barýan mahalynda boldy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady, ýöne Gunduz welaýat häkimliginiň metbugat wekili Esmatullah Muradi özüniň “Talybandan” şübhelenýändigini aýtdy.

Ýaralanan alty adamdan ikisiniň saglyk ýagdaýy agyr diýip, etrap başlygy Haýatullah Amiri aýtdy.

XS
SM
MD
LG