Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da protestçiler komendant sagadyna garamazdan köçelere çykdylar


Waşingtondaky protestler
Waşingtondaky protestler

ABŞ-da 2-nji iýunda protestçiler, şäherlerde girizilen komendant sagadyna garamazdan, Minneapolisde ýaragsyz garaýagyz bir adamyň polisiýa tarapyndan öldürilmegine nägilelik bildirip, tertip sekizinji gije köçelere çykdylar.

Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýorkdan Los Anjelese çenli, onlarça şäherinde komendant sagady girizildi.

Prezident Donald Tramp gubernatorlara Milli Gwardiýany çagyrmaklary üçin basyş edýär. Mundan bir gün öň, Tramp Jorj Floýdyň (George Floyd) öldürilmeginden soň ýüze çykan bidüzgünçilikleri we talaňçylyklary bes etmek üçin belli bir görnüşdäki harby çäreleri ulanyp biljekdigi bilen haýbat atypdy.

Waşingtonda ýaragly harby ulaglar, esgerler we polisiýa şäheriň köçelerine ýerleşdirildi. Prezidentiň tankytçylary mundan bir gün öň paýtagtda protestçileri dargatmak üçin görlen berk çäreleri tankyda sezewar edipdiler.

Şäherde 19:00-dan soňky komendant sagadyna garamazdan, käbir protestçiler köçelere çykdylar. Emma mundan bir gije ozalky dartgynlylyklaryň gowşandygyna çalym edýän pursady, protestçileriň sany ozalky gije bilen deňeşdirilende azdy.

XS
SM
MD
LG