Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Aglaba döwletler çäklendirmeleri gowşadýar, ABŞ-daky protestleriň wirusyň gerimini artdyryp biljekdigi duýdurylýar


Ýüzi maskaly adam

ABŞ-nyň onlarça şäherinde geçirilýän protestleriň koronawirusyň ýaýramagynyň gerimini artdyryp biljekdigi barada aladalar bildirilýär. Bu aralykda, Ýewropanyň aglaba döwletinde wirusa ýolugýanlaryň sanynyň azalmagy bilen, ozal girizilen käbir çäklendirmeler gowşadylyp başlandy.

Italiýa 3-nji iýunda syýahatçylar üçin serhetlerini açdy. Mundan bir gün öň, Fransiýa hem käbir çäklendirmeleri gowşadyp, Parižde kafeleriň köçelerdäki terasalarynyň açylmagyna rugsat berdi.

Birleşen Ştatlarda ýaragsyz garaýagyz bir adamyň polisiýa tarapyndan öldürilmegine garşy tertip sekizinji gün geçirilýän protestleriň fonunda, ABŞ-nyň baş hirurgy Jerome Adams, demonstrantlaryň ýüzlerini maskalar bilen ýapmagyna hem garamazdan, protestleriň wirusyň täze tolkunyny döredip biljekdigini duýdurdy. ABŞ-da koronawirusa 1,8 million adam ýolugdy we ondan 106 müň adam öldi.

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 380 müňden aşyp, oňa ýokuşanlaryň sany hem 6,4 milliona golaýlady.

Dünýäniň käbir sebitlerinde wirusyň haýallandygy baradaky yşaratlara garamazdan, käbir regionlarda pandemiýanyň gerimi artýar.

3-nji iýunda Günorta Koreýa koronawirus hassalaryny wirusa garşy ‘remdesiwir’ dermany bilen bejermek boýunça adatdan daşary ýagdaýda ygtyýar berdi.

Hindistan hem ‘remdesiwiri’ adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmaga rugsat berdi. Dünýäniň iň köp ilatly ikinji döwletinde 200 müňden hem aşa adam wirusa ýolugdy. Hindistanda koronawirusdan ölenleriň sany 5 müň 815-e ýetdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG