Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-da garaýagyz adamyň polisiýanyň elinden ölmegi sebäpli guralan protestler tapgyr sekizinji gije dowam etdi


Nýu-Ýork. Protest mahalynda

Amerikada 1-nji iýunda, zorlukdan we talaňçylykdan soň girizilen komendant sagadyna garamazdan, Nýu-Yorkorkdan Los Anjelse çenli aralykdaky onlarça şäherde guralan protest ýörişlerine on müňlerçe adam gatnaşdy.

Birleşen Ştatlarda polisiýa ofiseriniň ýaragsyz garaýagyz adamy öldürmegi netijesinde başlan we komendant sagadynyň düzgünlerine tabyn bolunmazlygyna alyp gelen demonstrasiýalar tapgyr sekizinji gije hem dowam etdi, ýöne zorluk-sütemleriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgarylmagy we ylalaşyga çagyrylmagy arasynda, protest wagtyndaky zorluklar kemelip, köp ýygnanyşyk parahatçylykly dowam etdirildi.

Gijäniň öňkülere garanda asudarak geçendigine garamazdan, Birleşen Ştatlardaky ýörişlerden ruhlanyp, 2016-njy ýylda bir garaýagyz adamyň polisiýa operasiýsynda öldürilmeginiň ýyl dönümi mynasybetli, Fransiýadaky protestçiler hem demonstrasiýa gurnadylar. Pariž polisiýasy olary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanmaga mejbur boldy. Ýene-de bir ýygnanyşygyň bolsa, biraz soňra Londonyň meşhur Gaýd parkynda guralmagyna garaşylýar.

Amerikada 1-nji iýunda, zorlukdan we talaňçylykdan soň girizilen komendant sagadyna garamazdan, Nýu-Yorkorkdan Los Anjelse çenli aralykdaky onlarça şäherde guralan protest ýörişlerine on müňlerçe adam gatnaşdy.

Iň uly nägilelik demonstrasiýalarynyň biri afrikan asylly amerikan Jorj Floýdyň dogduk şäheri Hýustonda bolup geçdi. Onuň maý aýynda Minneapolisde polisiýa tussaglygynda aradan çykmagy bütin dünýäni gurşap alan demonstrasiýa tolkunyna sebäp boldy.

Waşingtonyň merkezinde, ýurduň paýtagtynda polisiýanyň bir gün öň guralan protestlere berk gaýtawul bermäge taýýarlanmagy, bronly awtoulaglaryň, goşun esgerleriniň we polisiýanyň taýýar ýagdaýa getirilmegi bilen, giçlik demonstrasiýaçylara garşy göz ýaşardyjy gaz ulanyldy.

Soňky wakalar prezident Donald Trampyň Floýduň ölümi üstünde turan pitneçilik we talaňçylyk sebäpli nähilem bolsa bir harby çäre görmek haýbatyny atyp, gubernatorlara Milli gwardiýany çagyrmak baradaky basyşyny güýçlendirmegi bilen utgaşdy.

Nýu-Ýork şäherinde, talaňçylyklar we emläk tozdurmalary bilen utgaşan gijelerden soň, Trampyň häkimiýetleri Milli gwardiýany "ogry-jümrülere we dereksizlere" garşy ulanmaga çagyran ýerinde protestçiler agşam sagat sekizdäki komendant sagadyna boýun bolmady.

Polisiýa käbir adamlaryň tussag edilendigini, talaňçylyk we emläkläre zeper ýetirilen halatlarynyň bolandygyny habar berdi.

Milli barlyşyk we zorlugy bes etmek baradaky çagyryşlar Birleşen Ştatlaryň daşyndan geldi, Rim papasy Fransis 3-nji iýunda hiç kimiň "jynsparazlyga we ala tutulmalara göz ýumup bilmejekdigini" aýtdy, ýöne ol zorlukly hereketleri "öz-özüňi weýran etmek we öz-özüňi ýeňmek" hökmünde berk ýazgardy.

Rim papasy Fransis Watikanda çykyş edip, Floýduň ölümini pajyga diýip atlandyrdy we özüniň onuň üçin we "jynsparazlyk" sebäpli öldürilenleriň hemmesi üçin doga edýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň demirgazyk goňşusy Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo 2-nji iýunda bu bolýan zatlara “alada bildirdi” we amerikalylary birleşmäge çagyrdy.

Kanadanyň eksportynyň 75 göteriminiň ABŞ-a baglydygy sebäpli, Trampy tankytlamakda köpden bäri seresap bolýan Trudo, žurnalistler ABŞ-nyň prezidentiniň bu gozgalaňdan baş alyp çykyşy barada soranlarynda, 21 sekuntlap gürlemän durdy.

Adatça soralan soraga tiz jogap berýän Trudo, Trampyň demonstrantlara garşy harby çäre görmek çagyryşy we surata düşmek üçin göz ýaşardyjy gaz ulanyşy baradaky soraglara jogap berende, aýdara has jaýdar söz tapmaga çalyşdy.

Polisiýa we Milli gwardiýanyň goşunlary 1-nji iýunda, Trampyň ýakyndaky ybadathana baryp, onuň gapdalynda eli injilli surata düşýän wagtynda, Ak tamyň golaýyndaky parahat protestçileri yzyna serpikdirmek üçin göz ýaşardyjy gaz we rezin taýak ulandy.

Trudo Tramp hakda hiç zat aýtman: "Biziň ählimiz ABŞ-da bolup geçýän wakalara gözlerimizi tegeläp, gorky bilen syn edýäris" diýdi we "adamlaryň indi bileleşmeginiň, agzybir bolmagynyň wagty geldi" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp administrasiýasynyň ABŞ goşunyny protestleri basyp ýatyrmakda ulanmak baradaky karary, hususan-da harby ýolbaşçylaryň aýdan sözlerinden we eden hereketlerinden soň, harbylaryň syýasatdan daşgary gurama hökmündäki geljeginiň pikirini edýänleri alada goýýar.

Goranmak sekretary Mark Esper protest şäherlerini suratlandyranda "söweş meýdany" sözüni ulandy, ABŞ-nyň ýokary derejeli generaly bolsa 1-nji iýunda, dikuçarlar şäheriň köçeleriniň ýokarsynda öwrüm edýän mahaly Waşington şäheriniň merkezine kamufulýaž geýip geldi.

"Amerikanyň Birleşen Ştatlary söweş meýdany däl. Biziň raýatlarymyz duşman däl" diýip, Baş ştabyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiren dynç alyşdaky general Martin Dempseý twitterde ýazdy.

Barha ýokarlanýan tankytdan soň, Esper 2-nji iýunda Goranmak departamentiniň işgärlerine iberen hatynda "bu dartgynly günlerde syýasatdan daşda galmagy" buýurdy we Goranmak departamentiniň nägilelik we parahatçylykly ýygnanyşmak hukugyny goramaga ygrarlydygyny aýtdy.

Protest wagtynda polisiýa, talaňçylar ýa-da näbelli hüjümçiler tarapyndan azyndan 11 adam öldürildi. Bir hepde dowam eden bulam-bujarlykda onlarça adam ýaralandy.

Geçen hepde müňlerçe adam tussag edildi, şol sanda Los Anjelsde 2500-den gowrak we Nýu-Ýorkda 2000 adam saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG