Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ýaşaýan jaýy ýykylan aýal häkimlik binasynyň öňünde özüni otlamaga synanyşdy (Wideo)


Özbegistanda häkimiýet binasynyň alnynda özüni otlamaga synanyşyklar öň hem bolupdy.

Özbegistanyň Nowaýy welaýatynyň Karmana raýonynyň 38 ýaşly ýaşaýjysy ýaşaýan jaýynyň ýykylmagyna närazylyk bildirip, häkimlik binasynyň öňünde, özüni otlamaga synanyşdy. 28-nji maýda Telegram’da goýlan wideoda, aýalyň öz üstünden benzin sepýändigi hem özüni otlamaga synanyşygy görünýär. Ýöne Nowaýy welaýat häkimligi Azatlyk Radiosyna ol aýalyň özüni otlamadygyny, diňe şonuň bilen haýbat atandygyny aýtdy.

Ol wideoýazgy 28-nji maýda Telegram arkaly ýaýrady. Wideoda aýal häkimliginiň alnynda duran garawullardan welaýat häkimi “daşary çykarmy ýa çykmaz?” diýip soraýar.

Garawullardan welaýat häkiminiň öz ýerinde ýokdugyny eşiden aýal “men özümi otlajak, häkim meniň öýümi ýykdy” diýip, kandistrden üstüne benzin sepýär.

“Ýakynlaşmaň, özümi otlajak. Goý, häkim meniň ýanyma gelsin, aşak düşsün. Men öýsüz galdym” diýip, ol aýal wideoýazgyda garawullara gygyrýar.

Ýazgydan görnüşine görä, ol aýal özüni wideo düşüripdir.

Nowaýy welaýatynyň häkimliginden bir işgäriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Karmana raýonynyň ýaşaýjysynyň jaýyny 25-njy maýda ýykypdyrlar. Şondan soň ol welaýat häkimliginiň alnynda özüni ýakmak hereketi bilen närazylygyny bildiripdir, ýöne pajygaly hadysa bolmandyr.

Hadysanyň barşy bilen tanşandan soň, Azatlyk Radiosy D.A. atly 38 ýaşly ol aýalyň Karmana raýonynyň Kalowat mähellesiniň ýaşaýjysydygyny anyklady. Ýöne ol aýal bilen baglanyşmak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Karmana raýonynyň bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, ol aýalyň 300 kw.metrden gowrak mellegindäki jaýy ýerli häkimiýetler tarapyndan ýykylansoň, şeýle hereket ýüze çykypdyr.

– Şol gün häkimiýetler buldozer getirip, onuň jaýyny ýykdylar. Munuň netijesinde goh-dawa döreden aýal gahar-gazabyna erk edip bilmän, raýon häkimligine ugrady. Ýöne ony hiç kim kabul etmändir. Soňra ol 26-njy maýda kanistrde benzin alyp, welaýat häkimligine ugraýar. Ol ýerdäki gullukçylar aýaly köşeşdirmegi başarypdyrlar – diýip gürrüň berdi.

Karmana raýon häkimliginiň kapital gurluşyklar bölüminiň işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol jaý kanunsyz gurlany üçin ýykylypdyr.

– Ol aýal häkimlige degişli ýerden kanunsyz ýagdaýda jaý gurupdyr. Biz ýylyň başyndan oňa jaýy ýykmalydygyny aýtdyk, ony suduň çykaran karary bilen birnäçe gezek tanyşdyrdyk. 25-nji martda Karmana raýon sudy ol aýalyň guran jaýynyň kanuny däldigini tassyklady. Ýöne şonda-da suduň kararyny äsgermän, öz jaýynda galmagyny dowam etdirdi – diýip, raýon häkimliginiň wekili aýdýar.

Özüni otlajak bolan D.A.-nyň soňky ykbaly Azatlyga mälim däl. Ýöne Özbegistanda hukuksyzlyga hem adalatsyzlyga garşy protest hökmünde, şeýle ýagdaýlar öň hem ýüze çykypdy.

Geçen ýylyň fewralynda Surhanderýa welaýatynyň Termez raýonyndan bolan bir işewür adam öz kofehanasynyň ýykylýandygyna närazylyk bildirip, raýon häkimliginiň öňünde özüni otlady.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Garagalpagystandaky Dörtgül raýonynyň Ullibag obasynyň 29 ýaşly mekdep mugallymy Ahmat Niýozimbetow ýaşaýyş jaýynyň ýykylmagyna närazylyk bildirip, özüni otlamaga synanyşdy. Şonda ýerli häkimiýetler ýaş mugallymyň öz jaýyny bikanun gurandygyny aýtdylar. Ýöne Niýozimbetowyň özi jaýyň kanuny ýagdaýda gurlandygyny, muňa degişli zerur dokumentleriň bardygyny aýdypdy.

Näme üçin özbegistanlylar suda ýüz tutmaýar?

29-njy maýda Azatlyk Radiosynyň žurnalistiniň soraglaryna jogap berip, Özbegistanyň Ýokary sudunyň metbugat-gullugynyň ýolbaşçysy Aziz Obidow ýurtda graždanlaryň şahsy emläginiň eldegrilmesizligine kepilligiň bardygyny, graždanlaryň hukugy bozulan ýagdaýynda, artykmaç goh-galmagal edip durman, hökman suda ýüz tutmalydygyny aýtdy.

– Näme üçin olar goh-galmagal turzup, dawa döredýärler? Näme üçin Azatlyga ýüz tutýarlar? Işewür adamlaryň hukugy bozulan ýagdaýynda hökman administratiw suda ýüz tutsalar, olaryň arzalaryna adalatly ýagdaýda seredilýär. Goh-galmagal ýa-da dawa meseläni çözmäge ýardam edip bilmez, meseläni diňe kanun esasynda çözmeli. Biz hukuk jemgyýetinde ýaşaýas ahyryn – diýip, Aziz Obidow aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen gepleşýän özbegistanly sada adamlar bolsa, sud organlaryna ynanmaýandygyny aýdýarlar.

Muňa garamazdan, Respublikanyň Ýokary sudunyň metbugat-gullugynyň wekili sada adamlaryň hem sud diňlenişiginde döwlet organlaryndan üstün çykan ýagdaýynyň köp bolandygyny belleýär.

– Ine, ýönekeý mysal; Daşkent şäheriniň Ýakkasaraý raýon sudy şikaýat edenleriň arzasyna seredip, raýon administrasiýasy tarapynda 81 sany köpýyllyk agaçlary çapyp, ösümlik dünýäsine zyýan getireni üçin, uly möçberde jerime töledi hem ol ýerdäki gurluşygy saklamaly boldular. Mundan daşary-da, ýönekeý graždanlaryň sud diňlenişiginde ýeňen gezegi köp – diýip, Özbegistanyň Ýokary sudunyň metbugat-gullugynyň ýolbaşçysy Azatlyk Radiosyna aýdýar.

Özbegistanda graždanlaryň gozganmaýan emläkleriniň ýykylyp ýok edilmegi hem ýer uçastoklarynyň elinden alynmagy bilen baglanyşykly närazylyklar artyp başlandan soň, geçen ýylyň awgustynda ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýaýew «Graždanlaryň we işewür toparyň subýektleriniň hususylygyny kepillendirmegiň hökmanylygy barada goşmaça çäreler hakynda» atly karara gol çekdi. Bu dokument raýon we welaýat ýolbaşçylarynyň graždanlaryň gozganmaýan mülküni ýok etmek hukugyny çäklendirýär.

Şol dokumente laýyklykda, graždanlaryň hem-de işewür toparlaryň gozganmaýan mülküni ýok etmek üçin, premýer-ministriň karary gerek.

Dokumentde aýdylyşyna görä, graždanlaryň gozganmaýan emlägi diňe suduň karary bilen ýok edilip bilner.

​Döwlet ýolbaşçysy bu karary geçen ýylyň iýul aýynda Fergana, Horezm hem Kaşgaderýa welaýatlarynda graždanlaryň jaýlarynyň bikanun ýykylmagy sebäpli närazylyklaryň ösmegine getirenden soň kabul edildi.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG