Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýkl Pek ABŞ-nyň global media agentligine ýolbaşçylyga tassyklandy


AÝ/AR-nyň Hagibordaky binasy, Praga.
AÝ/AR-nyň Hagibordaky binasy, Praga.

ABŞ Senaty prezident Donald Trampyň Birleşen Ştatlaryň global media agentliginiň (USAGM) başlygy wezipesine hödürlän kandidaty Maýkl Peki bu wezipä tassyk etdi.

Bu agentlik ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýän media korporasiýalarynyň, şol sanda “Amerikanyň sesi”, AÝ/AR ýaly neşirleriň işini utgaşdyrýar.

Pekiň kandidaturasyna 53 senator, respublikanlar we bir demokrat ses berdi, 38 senator (demokratlar) garşy çykdy.

AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý Maýkl Pekiň kandidaturasynyň tassyklanmagyny gutlady. Ol AÝ/AR, soňky 70 ýylda bolşy ýaly, garaşsyz we obýektiw žurnalistika ölçeglerine daýanyp, senzuradan geçirilmedik maglumatlary ýaýratmagyny dowam etdirýär diýdi.

Pek konserwatiw publisist hökmünde tanalýar we dokumental filmleriň awtory bolup durýar.

Senator-demokratlaryň käbiri Pek agentligiň başlygy wezipesinde prezident Trampyň bähbitleriniň tarapynda hereket eder diýip alada bildirdi.

Pek prezident tarapyndan kandidaturasy hödürlenenden soň senatda bolan diňlenişikde bu aladany ret etdi we agentligiň işiniň žurnalistleriň işine syýasy gatyşmadan el çekmek esasynda gurulmalydygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG