Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbek prezidenti etniki bidüzgünçilikler zerarly Gündogar sebite sapar edýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew goňşy Gyrgyzystanyň çägindäki Soh anklawynyň golaýynda gaýtadan möwjeýän etniki tolgunyşyklardan soň, Fergananyň gündogar sebitine sapar edýär.

Özbegistanyň prezident edarasy 5-nji iýunda Mirziýoýewiň "dowam edýän sosial-ykdysady özgertmeler we ýaşaýjylaryň gündelik durmuşy bilen tanyşmak üçin" paýtagt Daşkentden Fergana gidendigini aýtdy.

Prezident edarasy Mirziýoýewiň Gyrgyzystanyň günortasynda Batken sebitinde ýerleşýän kynçylykly Soh anklawyna baryp görmekçidigini ýa däldigini aýtmady.

Gyrgyz obasynyň ýaşaýjylary bilen anklawyň ýaşaýjylarynyň arasynda 31-nji maýda, sebitde ýerleşýän çeşmäniň eýeçiligi üstünde turan oňuşmazlyklar sebäpli dawa-jenjel döredi.

Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow 1-nji iýunda bu ýagdaýlar bilen tanşandan soň, Soh şäheriniň ýaşaýjylaryna Mirziýoýewiň özüniň hem Fergana sebitine gelmekçidigini aýtdy.

Soh etrap häkimligi bu çaknyşykda ýerli ýaşaýjylardan 187 adamyň ýaralanandygyny, olaryň 15-siniň dikuçar bilen Fergana sebitiniň merkezi keselhanasyna geçirilendigini, beýlekileriň bolsa Sok etrap hassahanasynda bejergi alýandygyny aýtdy.

Gyrgyzystan bu çaknyşykda raýatlarynyň 25-siniň ýaralanandygyny aýtdy.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargansoň, Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitleriniň köpüsinde rahatlyk az.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG