Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagonyň öňki başlygy Trampy amerikan jemgyýetini bölmek synanyşygynda aýyplaýar


Pentagonyň öňki başlygy Jeýms Mattis. Arhiw suraty
Pentagonyň öňki başlygy Jeýms Mattis. Arhiw suraty

Pentagonyň öňki başlygy Jeýms Mattis ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy Amerikan jemgyýetini bölmäge synanyşmakda aýyplaýar. Öňki goranmak sekretarynyň beýanaty "Atlantik" žurnalynda çap edildi.

Mattis Trampyň ýurdy düýpden gereksiz bölünişige salýandygyny we Amerikanyň protestlere garşy görkezýän reaksiýasyny "harbylaşdyrýandygyny" belleýär.

"Donald Tramp meniň ömrümde amerikan halkyny birleşdirmäge synanyşmaýan we hatda synanyşýan bolup görünmäge hem çalyşmaýan ilkinji prezident. Munuň ýerine, ol bizi bölmekçi bolýar" diýip, Mattis ýazýar. Onuň sözlerine görä, amerikalylar öz raýat jemgyýetiniň güýçli taraplaryna bil baglap, prezidentiň gatnaşmazlygynda birleşip bilerler.

Şeýle-de, Mattis birinji gün, polisiýa we Milli gwardiýa Ak tamyň öňündäki ýygnanyşygy zoňtarlyk bilen dargadanda, özüniň örän hopugandygyny aýtdy. ABŞ-da protestler maý aýynyň ahyrynda polisiýa afro-amerikaly Jorj Floýdy Minneapolisde tussag edeninden soň başlandy. Ol bu tussag etme netijesinde keselhanada aradan çykdy.

Tramp muňa jogap edip, Mattisi "dünýäde iň aşa baha berlen general" diýip atlandyrdy. Şeýle-de, Ak tamyň başlygy twitterde harby-deňiz güýçleriniň generalynyň güýçli tarapynyň şahsy harby batyrgaýlyk däl-de, eýsem “şahsy özüňi götergilemek” bolandygyny öňe sürdi.

Jeýms Mattis ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň pensiýa çykan generalydyr. Ol 2017-nji ýylyň başynda Pentagona ýolbaşçylyk etdi. 2018-nji ýylyň dekabrynda Tramp generalyň işden aýrylandygyn yyglan etdi.

Soňra metbugatda goranmak sekretarynyň Ak tamyň ABŞ goşunlaryny Siriýadan çykarmak kararyna razy däldigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG