Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow sport ministrini we "Sport" teleýaýlymynyň başlygyny täzeledi


Prezident “sport çäreleriniň adatdan daşary gyzgyn howa şertlerinde açyk meýdançada geçirilmeginden” nägile boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýunda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýewi “işde goýberen düýpli kemçilikleri”, ozalam köp gezek käýinç berlendigi üçin wezipesinden boşatdy.

Döwlet baştutany ony, ygtybarly sport binýadynyň bardygyna garamazdan, türgenleri taýýarlamaga ýeterlik üns bermezlikde, ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly köp meseläni çözmezlikde aýyplady.

Şeýle-de prezident “sport çäreleriniň adatdan daşary gyzgyn howa şertlerinde açyk meýdançada geçirilmeginden” nägile boldy we “munuň türgenleriň saglygyna gürrüňsiz zelel ýetirýändigini” aýtdy.

Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek ministriň orunbasary Gulmyrat Agamyradowyň üstüne ýüklenildi.

Berdimuhamedow 2-nji iýunda, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýip, “Sport” teleýaýlymynyň direktory Rasul Babaýewi wezipesinden boşatdy.

Onuň ýerine bir gün öň, 4-nji iýunda Saparguly Öwezberdiýew bellenildi.

Berdimuhamedow hökümet mejlisinde wise-premýer Bahargül Abdyýewanyň işinden hem nägilelik bildirdi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, tele-radioýaýlymlaryň işiniň "bildirilýän talaplara laýyk derejede alnyp barylmaýandygyny" aýtdy. Biraz öň Abdyýewa hem bärk käýinç we soňky duýduryş berlipdi.

Emma bu resmileriň wezipeden boşadylmagynyň, tankyt edilmeginiň arasynda ol ýa-da beýleki baglanyşygyň bardygy aýdylmaýar.

Türkmenistanda resmiler ýygy-ýygydan wezipeden boşadylýar, olaryň “işde goýberen düýpli kemçilikleri”, eger-de döwlet baştutany tabşyryk bermese, jemgyýetçilige aýan edilmeýär.

Şeýle-de käbir halatlarda ozalky resmileriň soňky ykballary näbelli bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG