Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DIM: Daşary ýurt wekilleri Aşgabadyň koronawirusa garşy taýýarlygyna 'ýokary baha berdi'


Türkmen DIM-niň resmi saýtyndan alnan surat

Türkmen DIM-i 5-nji iýunda ýurtdaky diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň, türkmen resmileriniň we žurnalistleriň gatnaşmagynda koronawirus ýokaşmasyndan goranmak çärelerine bagyşlanan brifing geçirdi.

Guramanyň resmi saýtynda geçirilen wideoşekilli duşuşyk barada umumy sözlerde, hiç bir detaly açmazdan maglumat berildi.

Resmi maglumata görä, maslahatda çykyş edenler, şol sanda “BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ý.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy N.Drozd dagylar Türkmenistan tarapyndan ýiti ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça alnyp barylýan hereketlere... ýokary baha berdiler."

Türkiýäniň “Anadolu” habar gullugy DIM-niň başlygy Reşit Meredowa salgylanyp, 1-nji iýunda Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçäginde karantin merkeziniň gurlup başlanandygyny, ýene şeýle merkezleriň Eýran we Gazagystan serhetlerinde gurulmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar berdi.

Ozal türkmen häkimiýetleri Türkmenabatda, Türkmenbaşyda we Garabogazda karantin merkezleriniň gurlandygyny aýdypdylar.

Türkmenistan ýurtda koronawirus näsaglarynyň hiç biriniň hasaba alynmandygyny aýdýar we pandemiýa döwründe köpçülik çärelerini we baýramçylyklary uludan bellemegi dowam etdirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG