Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nur-Sultan şäheriniň täze ady sebäpli halkara aeroportunyň kody çalşyryldy


Nur-Sultanyň halkara aeroporty

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanyň aeroporty üç harply koduny çalyşdy. Şäheriň adynyň ýurdy uzak wagtlap dolandyran Nursultan Nazarbaýewiň adyna geçen ýylda çalyşandygy sebäpli aeroportuň kody TSE derek NQZ bolar.

Gazagystanyň Senagat we ösüş infrastrukturasy ministrliginiň 8-nji iýunda mälim etmegine görä, dessine güýje giren täze kod mundan beýläk ähli uçar biletlerinde, ýüklerde we informasiýa belgilerinde görkeziler.

Gazagystanyň paýtagtynyň halkara aeroporty 2017-nji ýyldan bäri Nursultan Nazarbaýewiň adyny göterýär, emma ol şu çaka çenli köne koduny ulanýardy.

Öňki TSE kody şäheriň sowet döwründäki Tselinograd ady esasynda döredilipdi. Bu ady şähere 1961-nji ýylda söwet lideri Nikita Hruşew beripdi.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň gazak häkimiýetleri şäheriň taryhy Akmola adyny dikeldipdi. Bäş ýyldan soň ýurduň paýtagty Almatydan bu ýere geçirildi. 1998-nji ýylda Akmola şäheriniň adyny Astana çalşyryldy.

2019-njy ýylyň mart aýynda Astana ýurdy 30 ýyl çemesi dolandyran Nursultan Nazarbaýewiň ady dakylyp, ol Nur-Sultan şäherine öwrüldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG