Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu Ýorkda biznes janlanyp başlaýar, Britaniýa syýahatçylar üçin karantin talap edýär


Nýu Ýork şäheri, 31-nji mart, 2020
Nýu Ýork şäheri, 31-nji mart, 2020

ABŞ-da koronawirusyň episentri bolan Nýu Ýork şäheri 8-nji iýunda käbir biznes işlerini janlandyryp başlaýar.

Britaniýa ýurda barýanlardan iki hepdelik özbaşdak karantinde galmagy talap edip başlaýar.

Nýu Ýorkda iki aý mundan günde ýüzlerçe ýaşaýjy COVID-19 zerarly heläk bolupdy. Şu günki gün täze keselleýänleriň sany günde 500 çemesi bolýar, resmiler munuň ýogalýanlaryň sanynyň gün-günden azalmagy bilen bilelikde biznes obýektleriniň, şol sanda kärhanalaryň, gurluşyklaryň, lomaý we maýda söwda nokatlarynyň açylyp başlanmagyna mümkinçilik berýändigini aýdýarlar.

Birinji tapgyrda 400 müň çemesi adamyň iş orunlaryna dolanmagy mümkin. Nýu Ýork COVID-19 sebäpli 22 müň adamy ýitirdi.

Britaniýa syýahatçylar babatynda girizýän çäklendirmeleri bilen wirusyň ikinji tolkunynyň daşardan gelmeginiň öňüni almaga synanyşýar.

XS
SM
MD
LG