Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa koronawirus çäklendirmelerini gowşadyp, Moskwada petiklenme çärelerini ýatyrdy


Moskwa şäheri. Illýustrasiýa suraty
Moskwa şäheri. Illýustrasiýa suraty

Russiýa serhet çäklendirmelerini gowşatdy we Moskwada koronawirus petiklenme çärelerini ýatyrdy diýip, rus resmileri aýtdylar. Bu kararyň netijesinde rus paýtagtynda iki aý gowrak wagt bäri dowam eden öýde galmak düzgünleri ýatyryldy.

Premýer-ministr Mihail Mişustiniň kararyna laýyklykda, 9-njy iýundan başlap ruslara näsag garyndaşlaryna ideg etmek, iş, bilim ýa-da saglyk bejergisini almak üçin daşary ýurda gitmäge rugsat berilýär.

Şeýle-de, onda daşary ýurtlularyň garyndaşlaryna seretmek ýa-da saglyk bejergisini almak üçin Russiýa girip biljekdigi hem aýdylýar.

“Ertirden başlap, öz-özüňi izolýasiýa etmek düzgüni ýatyrylýar” diýip, şäher häkimi Sergeý Sobýanin 8-nji iýunda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

John Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, Russiýada 476000-den gowrak koronawirus näsagy hasaba alyndy we bu san onuň wirus ýokuşan adamlaryň sany boýunça, ABŞ-dan hem-de Braziliýadan soň,dünýäde üçünji orunda durýandygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG