Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde jynsparazlyga garşy protestler dowam edýärkä, Floýdyň Hýustonda jaýlanmagyna garaşylýar


Adamlar Jorj Floýdyň tussag edilen ýerine gül desselerini goýmagy dowam etdirýärler. Minneapolis. 8-nji iýun, 2020 ý.

Dünýäde jynsparazlyga garşy protestler dowam edýän mahaly, Jorj Floýdyň jaýlanyş çäresiniň 9-njy iýunda Hýustonda geçirilmegine garaşylýar.

Afrikan asylly amerikan Floýdyň polisiýada tussaglykda saklanan wagtynda ölmeginiň yzýany geçirilip başlanan, ýagny iki hepdä golaý wagt bäri dowam edýän köçe protestleri polisiýany özgertmek we Birleşen Ştatlaryň jenaýat kazyýet ulgamyna üýtgetmeler girizmek baradaky çagyryşlary güýçlendirdi.

Birleşen Ştatlaryň çäklerinden daşarda London, Pariž, Sidneý we Berlin ýaly şäherlere-de ýaýran bu protestlerde, soňky döwürde akýagyz ofiserler tarapyndan garaýagyz erkekleriň we aýallaryň öldürilmegi bilen bagly köp sanly waka salgylanylyp, afrikaly amerikanlara adalatsyz çemeleşilmegine garşy protest bildirildi.

Floýdyň ABŞ-daky jaýlanyş çäresi bilen bir wagtda başlanmagy meýilleşdirilýän protestleriň biri Parižde geçiriler. Oňa gatnaşyjylar 8 minut 46 sekunt dymyşlygy saklamagy planlaşdyrýarlar. Prokurorlar Floýdyň Minneapolis polisiýa ofiseri tarapyndan ýere iteklenip jezalandyrylan wagt möhletiniň 8 minut 46 sekunda barabardygyny aýdýarlar.

Giçlik wagty adamlaryň Italiýanyň paýtagty Rimiň merkezinde ýygnanyp, Floýd üçin doga-dileg etmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG