Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fauçi: Koronawirus dünýä taryhyndaky iň erbet pandemiýalaryň biri


Doktor Antony Fauçi
Doktor Antony Fauçi

ABŞ-da ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli bilermen koronawirusy dünýä taryhyndaky iň erbet pandemiýalaryň biri hökmünde häsiýetlendirdi we onuň entek aradan aýrylmandygyny belledi. Doktor Antony Fauçi bu barada 9-njy iýunda geçirilen onlaýn konferensiýanyň dowamynda çykyş etdi.

Bu aralykda, dünýäde wirusdan heläk bolanlaryň sany 411 müňden aşdy we oňa ýoluganlaryň sany 7,2 milliona ýetdi.

Fauçi koronwarius sebäpli döreýän COVID-19 respirator, ýagny dem-alyş hassalygynyň adamdan-adama geçmek we ölüm derejesiniň ony “iň erbet gowgaly bir düýşe öwrendigni” aýtdy.

Fauçi häzirki pandemiýa ýaly bir ýagdaýyň ýüze çykyp biljekdigini öňünden bilen bolsa-da, munuň ýaýramak tizliginiň ony haýrana galdyrandygyny hem sözüne goşdy.

“Bu bir aýa çekdi”, beýleki aňsatlyk bilen ýaýraýan ýokanç kesellere munuň üçin alty aýdan bir ýyla çenli wagt gerek, diýip ol belledi.

Fauçi waksinanyň işlenip taýýarlanjakdygyna hem ynam bildirdi.

Mundan öň, Bütindünýä Saglyk Guramasy Latin Amerikada wirus bilen bagly täze ýagdaýlaryň “ekspensial” derejede artýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG