Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jorj Floýd Hýustonda jaýlandy


Jorj Floýdyň kilisedäki tabydy. Hýuston, Teksas, ABŞ. 9-njy iýun, 2020 ý.
Jorj Floýdyň kilisedäki tabydy. Hýuston, Teksas, ABŞ. 9-njy iýun, 2020 ý.

ABŞ-da polisiýanyň tussaglygynda aradan çykan afroamerikan Jorj Floýd Hýustonda jaýlandy. Onuň ölümi dünýä boýunça jynsy taýdan deňsizlige garşy protestleriň döremegine sebäp boldy. 9-njy iýunda dört sagada çeken jaýlanyş mirasymynda Jorj Floýd ykbal tarapyndan "hereketiň özenine" öwrülen adam hökmünde ýatlandy.

Mundan öň, Minneapolisde polisiýa ofiseriniň elleri arkasynda gandal bilen baglanan Jorj Floýduň boýnuna dyzy bilen münüp saklaýşyny görkezýän wideo peýda bolandan soňra, iki hepdeläp protestler geçirildi.

Wideoda 46 ýaşly Floýdyň, sesi kesilmezinden ozal, “Eje”, şeýle-de “gaýrat ediň, men dem alyp bilemok” diýýän sözlerini eşitse bolýar.

Floýd Hýustonyň eteginde ejesiniň mazarynyň ýanynda jaýlandy.

XS
SM
MD
LG