Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistan geleňsizlik bilen koronawirus ýaýradýanlary jenaýat jogapkärçiligine çekýär, maska geýmediklere jerime salýar


Täjigistanda köpçülikde maska dakmadyk adamlara jerime salynýar

Täjigistanyň parlamenti geleňsizlik bilen başgalara koronawirus ýokaşdyrýandygy anyklanan adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin ses berdi

10-njy iýunda kabul edilen kanun taslamasyna görä, bu keseli geleňsizlik bilen ýaýradýan adamlary iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar. Eger kimdir biri bu keseli bir gezekden köp ýaýratsa, ol 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

Keseli bilkastlaýyn ýaýratmakda günäli tapylan adamlar hem 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner. Şeýle-de, parlament köpçülikde maska geýmedik adamlara hem-de 2 metr sosial aralygy saklamadyk adamlara 28 dollar jerime salynmagyny tassyklady.

Jenaýat kodeksine girizilen beýleki düzedişler koronawirus barada ýalan maglumat ýaýradýan adamlara 112 dollar, ýuridiki şahslara 11 müň dollar jerime salynmagyna rugsat berýär

Täjigistanyň awtoritar hökümeti ilkibaşda ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürdi hem-de prezident Emomali Rahmon halkara hünärmenleriniň sosial aralygy saklamak ýaly keseliň ýaýramagynyň öňüni almak babatynda beren duýduryşlaryny ret etdi.

Resmi sanlara görä, Täjigistanda 4,690 adama wirus ýokaşdy, bu keselden 48 adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG