Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary derejeli rus diplomaty Moskwanyň, Waşingtonyň we Kabulyň owganara gepleşikler boýunça geňeşjekdiklerini aýdýar


ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad (çepde) bilen "Talyban" toparynyň syýasy lideri Molla Abdul Gani Baradar Dohada duşuşýar. 29-njy fewral, 2020-nji ýyl.

Ýokary derejeli rus diplomaty Russiýanyň, Birleşen Ştatlaryň we Owganystanyň owganara parahatçylyk gepleşiklerine synanyşmak we olara başlamak boýunça wideomaslahat geçirjekdiklerini aýtdy.

Rus prezidentiniň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow 10-njy iýunda rus media serişdelerine üç taraplaýyn gepleşikleriň 15-nji iýunda geçiriljekdigini aýtdy.

Kabulowyň sözlerine görä, gepleşiklere ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem-de Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet Hanif Atmar gatnaşar.

Kabulowyň çykyşy Halilzadyň Katarda "Talybanyň" syýasy ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradar bilen geçiren nobatdaky gepleşiklerinden iki gün soňa gabat geldi.

Fewral aýynda Birleşen Ştatlary we "Talyban" 18 ýyllyk urşy - ABŞ-nyň taryhyndaky iň uzaga ceken harby çaknyşygy bes etmegi maksat edinýän şertnama gol çekdiler.

Ylalaşykda "Talybanyň" howpsuzlyk borçnamalarynyň öwezine ABŞ goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagynyň tertibi kesgitlenýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG