Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Özbegistanyň din azatlyklary babatyndaky "hakyky ösüşini" gutlaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Özbegistanda dini azatlyklaryň gowulaşmagyny dowam etdirýändigini aýdýar, Eýran we Hytaý bolsa dünýäde iň erbet kemsidiji ýurtlaryň hatarynda galýar.

"Dünýäniň köp ýerinde adamlar dini azatlykdan beter dini sütem bilen has ýakyn tanyş bolýar" diýip, halkara din azatlyklary boýunça ýörite wekil Sam Braunbek (Sam Brownback) 10-njy iýunda aýtdy.

Özbegistan din azatlyklaryny kemsidýänleriň "ýamanynyň ýamany" sanawyndan geçen ýyl çykaryldy we dowam edýän kemsitmelere garamazdan, oňyn ädim ätmäge dowam edýär, diýip ABŞ-nyň din azatlyklary boýunça ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

"Biz 2019-njy ýylda hasaba alynmadyk dini toparlaryň ýygnaklaryna polisiýanyň reýd geçirmändigini dokumentleşdirdik, şeýle reýdleriň sany 2018-nji ýylda 114, ondan ozalky ýylda 240 sanydyr. Bu uly üstünlikdir, hakyky ösüşdir" diýip, döwlet sekretary Maýk Pompeo Waşingtonda geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Muňa garamazdan, Daşkent ýörite gözegçilik sanawynda galýar, bu degişli Merkezi Aziýa ýurdunda heniz hem din azatlygynyň "agyr" bozulýandygyny aňladýar.

Eýranda ýurduň şaýy teokratik lideri onsuz hem ýowuz hukuk kemsitmeleriň bir bölegi hökmünde din azatlyklaryny basyp ýatyrmaga we azlyklary ýekirmäge dowam etdi. Hasabatda aýdylmagyna görä, hökümet "Hudaýa garşy duşmaçylyk" boýunça adamlary jezalandyrmaga we başga-da kiçi dini azlyklary yzarlamagy dowam etdirdi.

XS
SM
MD
LG