Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Özbegistanyň dini azatlykda 'hakyky öňegidişligini' öwýär, Türkmenistan öňki ýerinde galýar


Döwletiň hasabyna haj zyýaratyny eden raýatlar ýurda dolanyp gelýär. Arhiw suraty

Azatlyk radiosy 2017-nji ýylyň aprelinde we soňra Türkmenistanda "gülençilikde" güman edilip tussag edilen, gazaply gynalandygy aýdylan we ýapyk sudlarda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen raýatlar, olaryň käbiriniň türmedäki ölümi hakynda maglumat berdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Özbegistanda dini azatlygyň gowulaşmagynyň dowam edýändigini, Eýranyň we Hytaýyň bolsa dünýäde iň erbet kemsidiji ýurtlaryň hatarynda galýandygyny aýdýar.

"Dünýäniň köp ýerinde adamlar dini azatlyga garanda dini basyşa has kän sezewar bolýarlar" diýip, dini azatlyk boýunça halkara ilçi Sam Braunbek 10-njy iýunda, dini azatlyklar baradaky ýyllyk hasabat çap edilenden soň aýtdy.

Özbegistan, dowam edýän dini ýanamalara garamazdan, görýän oňyn çäreleri üçin, geçen ýylyň netijeleri boýunça dini azatlygy bozmnakda "ýamanyň ýamany" diýilýän ýurtlaryň sanawyndan aýryldy.

“Biz 2019-njy ýylda hasaba alynmadyk dini toparlaryň ýygnaklaryna polisiýanyň hiç bir reýdini dokumentleşdirmedik, deňeşdirmek üçin aýdylsa, 2018-nji ýylda 114 sany reýd we ondan bir ýyl öň 240 reýd geçirildi. Bu ägirt uly üstünlik, hakyky öňegidişlik "diýip, Döwlet sekretary Maýk Pompeo Waşingtonda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.


Emma muňa garamazdan, Daşkent henizem ýörite gözegçilik sanawynda galýar, bu Merkezi Aziýa ýurdunda henizem dini azatlygyň "düýpli" bozulmalarynyň bardygyny aňladýar.

Pompeo käbir ýurtlarda özgerişlikleriň bolandygyna garamazdan, dünýäniň bir topar ýerinde dine ynanýan adamlaryň yzarlanmagy ýa-da ybadat etmek hukugyndan mahrum edilmegi bilen, "uly garaňkylygyň" saklanyp galýandygyny belledi.

Eýranda ýurduň şaýy teokratik liderleri, ýurduň ozaldanam agyr adam hukuklary ýagdaýyny çuňlaşdyryp, dini azatlygy basyp ýatyrmagy we azlyklary basgylamagy dowam etdirdiler.

2019-njy ýyldaky Halkara dini azatlyk hasabatyna görä, hökümet "hudaýa garşy duşmançylyk" sebäpli adamlary jezalandyrmagyny we bahaýy, hristian dinini kabul edenler we sünnüler ýaly kiçi dini toparlaryň agzalaryny yzarlamagyny, kemsitmegini dowam etdirdi.

Pompeo sözüniň dowamynda Hytaýy, kommunistik partiýanyň durmuşyň ähli ugruna edýän gözegçiligini pugtalandyrmak üçin, “dini ynançlara garşy onlarça ýyllap uruş alyp barmakda" aýyplady.


Hytaý 1 milliondan gowrak uýgur musulmanyny we beýleki toparlary günbatar Sinjiýaň welaýatyndaky konslagerlere toplady. Hasabatda mejbury, zor bilen ýitirim edilmegiň syýasy taglymat, adam gynamalary, jynsy zorluklar we mejbury zähmet bilen utgaşdyrylandygy aýdylýar.

Orsýetde hökümet Ýehowa şaýatlaryny “ekstremist” hökmünde gadagan etmegi, dindarlaryň öýlerine reýd gurnamagy, dini ynanç üçin tussag etmegi we saklanan adamlaryň käbirini türmä basmagy dowam etdirdi diýip, hasabatda aýdylýar.

Gadagan edilen yslamçy gurama "Hizb ut-Tahrire" garşy görülýän gazaply çäreler hem dowam etdirildi, bu toparyň 200-den gowrak agzasy dini ynançlary sebäpli tussag edildi diýip, ýyllyk hasabatda aýdylýar.

Türkmenistan hem dini azatlyk boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeýän ýurtlaryň biri bolup durýar.

Birleşen Ştatlaryň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyndaky missiýasynyň ýolbaşçysy, ilçi Jeýms S.Gilmore III 4-nji iýunda Wenada, ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşinde çykyş edip, guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozdyň beren hasabaty boýunça öz pikir-garaýyşlaryny aýdanda ýurtdaky din azatlygy meselesine hem ünsi çekdi.


Ilçi ABŞ-nyň Türkmenistany din azatlygy boýunça “Aýratyn alada döredýän ýurtlaryň” sanawyna girizendigini ýatladyp, "biz Türkmenistanyň hökümetini ÝHHG-nyň adam hukuklaryna we esasy azatlyklaryna, şol sanda din we ynanç azatlygyna hormat goýmagy ilerletmek baradaky goldawyndan we tejribesinden doly peýdalanmaga çagyrýarys” diýdi.

"Olary diri görkeziň" kampaniýasynyň maglumatlaryna görä, türkmen türmelerinde diri ýiten hasaplanylýan raýatlaryň sany soňky on ýylda dini ýanamalar esasynda tussag edilenleriň hasabyna has-da köpeldi.

Azatlyk radiosy 2017-nji ýylyň aprelinde we soňra Türkmenistanda "gülençilikde" güman edilip tussag edilen, gazaply gynalandygy aýdylan we ýapyk sudlarda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen raýatlar, olaryň käbiriniň türmedäki ölümi hakynda maglumat berdi. Emma resmi Aşgabat esasy adam azatlyklaryna, şol sanda din azatlygyna hormat goýmak baradaky halkara çyryşlaryna açyk reaksiýa bildirmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG