Sepleriň elýeterliligi

EKSKLÝUZIW: Azatlyk Radiosyna "Gülençidigi" öýdülip tussag edilenleriň Hökümi gowuşdy


Türkmenistandaky bir türme

Türkmenistanda türk dini ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşikli hasap edilýän telekeçileriň, mugallymlaryň sud edilip, olara uzak möhletleýin türme tussaglygynyň berlendigi aýdylýar.

Munuň bilen baglylykda, Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň şäher kazyýetiniň Hökümiň göçürmesidigi aýdylýan dokument gowuşdy.

Bu aralykda, göçürmäniň nä derejede hakykatdygyny beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly anyklamak başartmasa-da, "Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler bileleşigi" atly garaşsyz guramanyň agzasy Timur Misrihanow dokumentiň düzülişi we mazmuny onuň hakykatdygyny aýtmaga esas berýändigini belleýär.

Göçürmede işine seredilen jemi 18 adamyň umumy hasap bilen 333 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini görse bolýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 8-nji fewralynda çykarylan Hökümde, ady geçýän 18 adamyň ählisine-de Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 177-nji, ýagny Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek maddasynyň 3-nji bölegine; şeýle-de 275-nji, ýagny Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmegi maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda aýyplama bildirilip, olar günäli tapylypdyrlar.

Misrihanow bir höküm bilen birdenkä 18 adamyň tussaglyga höküm edilmeginiň juda seýrek gabat gelýändigini aýdyp, aýyplanýanlaryň ählisini diňe dört aklawçynyň goramagynyň hem 'göze dürtülýändigini' belledi.

Hökümde kazy M. Halmyradowyň başlyklyk etmegindäki sud diňlenişiginiň netijeleri boýunça işine seredilen adamlara aşaky tertip boýunça iş kesilipdir:

12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilenler:

  1. Mekan Ezizgulyýewiç Ýagmyrow, 1991-nji ýylda doglan, Tejeniň 12-nji orta mekdebinde matematika we informatika dersleriniň mugallymy bolup işlän.
  2. Döwletgeldi Bäşimowiç Orazow, 1987-nji ýylda doglan, Tejeniň 12-nji orta mekdebinde matematika mugallymy bolup işlän.
  3. Gurbanmuhammet Döwletmyradowiç Gödekow, 1983-nji ýylda doglan, “Yşyk çeşmesi” merkezinde iňlis dili mugallymy bolup işlän.
  4. Şatlyk Durdygylyjowiç Durdygylyjow, 1981-nji ýylda doglan, suda çekilende işsiz.
  5. Mekan Şamuhammedowiç Gödekow, 1984-nji ýylda doglan, Tejeniň 11-nji orta mekdebinde matematika mugallymy bolup işlän.
  6. Nurmuhammet Orazow, 1974-nji ýylda doglan, Tejeniň 6-njy orta mekdebiniň geografiýa mugallymy bolup işlän.
  7. Merdan Baýrammyradowiç Gylyçdurdyýew, 1985-nji ýylda doglan, suda çekilende işsiz.
  8. Guwanç Saparmyradowiç Gazakbaýew, 1983-nji ýylda doglan, suda çekilende işsiz.
  9. Sapardurdy Aşyrdudyýewiç Ýagşybaýew, 1980-nji ýylda doglan, suda çekilende işsiz.

25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilenler:

  1. Myrat Öwezgeldiýewiç Gullyýew, 1983-nji ýylda doglan, “Yşyk çeşmesi” hojalyk jemgyýetiniň direktory bolup işlän.
  2. Resulberdi Annaberdiýewiç Atageldiýew, 1979-njy ýylda doglan, “Merdem” hojalyk jemgyýetiniň başlygy bolup işlän.
  3. Döwletgeldi Hydyrgulyýewiç Amangeldiýew, 1976-njy ýylda doglan, telekeçi bolup işlän.
  4. Döwletmyrat Amanmyradowiç Ataýew, 1976-njy ýylda doglan, telekeçi bolup işlän.
  5. Annamämmet Çarymämmedowiç Orazmämmedow, 1980-nji ýylda doglan, öň işlemedik
  6. Täçmuhamet Adbyresulowiç Orazmuhamedow, 1978-nji ýylda doglan, Tejeniň 11-nji orta mekdebiniň müdiriniň daşary ýurt dilleri boýunça orunbasary wezipesinde işlän.
  7. Batyr Baýramgeldiýewiç Ataýew, 1975-nji ýylda doglan, Tejeniň 11-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy bolup işlän.
  8. Öwezdurdy Baýramdurdyýewiç Meläýew, 1975-nji ýylda doglan, telekeçi bolup işlän.
  9. Saparmyrat Abdysuhanowiç Ybraýymow, 1984-nji ýylda doglan, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdiriliginiň Tejen şäher bölüminiň başlygy wezipesinde işlän.
Resulberdi Atageldiýew, “Merdem” hojalyk jemgyýetiniň ozalky başlygy.

Resulberdi Atageldiýew, “Merdem” hojalyk jemgyýetiniň ozalky başlygy.

Galyberse-de, ýokarda ady agzalanlaryň ählisi ýokary bilimli bolup, olaryň aglabasynyň şahsy emläkleri hem muzdsuz ellerinden alnypdyr.

“Merdem” hojalyk jemgyýetiniň ozalky başlygy Resulberdi Atageldiýew 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen

“Merdem” hojalyk jemgyýetiniň ozalky başlygy Resulberdi Atageldiýew 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň ýokarda ady agzalan raýatlaryň işini ýakyndan yzarlaýan çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, olaryň sud diňlenişikleri ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilipdir. Emma, "Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler bileleşigi" guramanyň agzasy Timur Misrihanow hökümde görkezilen maddalardan ugur alynsa, onda diňlenişigiň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilmegine hiç hili esasyň ýokdugyny aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosy “Gülençi hereketi” bilen ilteşiklidigi güman edilýän türkmenistanlylaryň yzarlanyp, türme tussaglygyna höküm edilýändigi barada, dowamly maglumatlar berip gelýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň tassyklaýşy ýaly, bu tutha-tutluk Ankaranyň geçen ýylda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda durmakda Fethullah Güleni aýyplanyndan soň başlanypdy.

Türkiýeli dini ruhany Fethullah Gülen

Türkiýeli dini ruhany Fethullah Gülen

Şol pursat türk häkimiýetleri “Gülençiler” bilen ilteşikli bolýanlary yzarlap, şeýle-de, bu hereketiň daşary ýurtlardaky okuw merkezleriniň ýapylmagy ugrunda tagalla edip başlady.

Munuň netijesinde, Türkmenistanda Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklidigi güman edilýän mugallymdyr telekeçileriň tussag edilmegi bilen birlikde, geçen ýyl 1994-nji ýyldan bäri hereket edip gelen Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti hem ýapylypdy.

"A-Market" söwda dükanynyň ozalky başlygy Döwletmyrat Ataýew 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen

"A-Market" söwda dükanynyň ozalky başlygy Döwletmyrat Ataýew 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen

“Gülençiler” bilen ilteşigi bardygy güman edilip basylanlary tanaýanlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, tussag edilenler “dörän ýagdaýlaryň pidalary bolupdyrlar”.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, ýokardaky ýagdaýlar boýunça türkmen häkimiýetlerinden nähilidir bir maglumat almak başartmady. Resmi metbugat hem bular barada hiç zat aýtmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG