Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da 2 milliondan gowrak COVID-19 ýokaşmasy ýüze çykaryldy


Soňky maglumatlara görä, ABŞ-da koronawirus ýokaşmalarynyň tassyklanan hadysalarynyň sany iki milliondan geçdi.

Birnäçe ştatyň saglygy goraýyş gulluklary, maý aýynyň soňky duşenbesinde bellenilýän Hatyra güni mynasybetli berlen dynç günlerinden iki hepde soň, koronawirus hassahanasyna kabul edilýänleriň köpelendigini habar berdi.

Arizona ştatynda 10-njy iýunda COVID-19 hassalarynyň rekord sany hasaba alyndy. Bu wirus ýokuşmalary Hatyra gününden soň, syýahatçylyk ýerlerinde köp adamyň toplanmagyndan soň hasaba alyndy.

Karantin çärelerini ilkinjileriň hataryna gowşadan Tehsas, Florida we Demirgazyk Karolina ştatlary hem COVID-19 ýokuşmalarynyň täze rekord sanyny yglan etdi.

Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, ABŞ-da tassyklanan COVID-19 näsaglarynyň sany 2 000,464-e ýetdi. Umuman alanyňda, ýurtda koronawirusdan ölenleriň sany 113 müň töweregi bolup, bu dünýäde COVID-19-dan ölenleriň dörtden bir böleginden sähel köp bolýar.

Bu maglumatlar Bütindünýä saglyk guramasynyň Latyn Amerikasynyň wirusyň täze merkezine öwrülendigini, 70 müňden gowrak adamyň täze görnüşli koronawirusyň pidasy bolandygyny habar habar bereninden bir gün soň peýda boldy.

XS
SM
MD
LG