Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Russiýany we Hytaýy koronawirus bilen bagly nädogry maglumatlary ýaýratmakda aýyplaýar


Bezeg suraty

Ýewropa Bileleşigi internetde koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan nädogry maglumatlar tolkunyna garşy göreşi güýçlendirmäge çagyrdy. ÝB Hytaýy we Russiýany öz abraýlaryny ýokarlandyrmak üçin wagyz kampaniýalaryny gurnap, demokratiýanyň aşagyny köwmekde aýyplady.

"Daşary ýurt guramalary we käbir üçünji ýurtlar, hususan-da Russiýa we Hytaý, ÝB-däki COVID-19-yň töwereginde bilkastdan gurnalan täsir ýetirmek operasiýalaryna we dezinformasiýa kampaniýalaryna gatnaşdylar" diýip, 10-njy iýundaky dokumentde aýdylýar. Onda pandemiýa bilen baglanyşykly nädogry maglumatlara garşy göreşde ÝB-niň çemeleşmesi beýan edilýär.

Russiýa bilen Hytaý “demokratik çekişmeleri opurmaga we sosial polýarizasiýany güýçlendirmäge, şeýle hem COVID-19 kontekstinde abraýyny ýokarlandyrmaga synanyşýar” diýip, dokumentiň awtorlary aýdýar. Onda pandemiýa "dezinformasiýanyň... biziň raýatlarymyzyň saglygyna-da zyýan ýetirýändigini görkezdi" diýilýär.

Dokumentde agartmagyň keseli bejerip biljekdigi we elleri ýuwmagyň wirus ýaýramagynyň öňüni almajakdygy ýaly tassyklamalar,"howply galplaşdyrmalar we ýalňyş maglumatlar" hem görkezilip geçilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG