Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow harbylary gök, miwe öndürmekde, mürepbe gaýnatmakda ulanmak planyny yglan etdi


Gurbanguly Berdimuhamedow bu “ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün eder” diýdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu “ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün eder” diýdi.

TDH harby we hukuk goraýjy edaralaryň her birine, miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin, ýer bölekleriniň berlendigini habar berýär, ýöne bu ýeriň näçe gektardygyny, ol ýerden öndürilmeli önümiň döwlet palanynyň bolup-bolmajakdygy hakynda hiç zat aýtmaýar. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň türkmen goşunynda synag eden tejribelerine dolanyp, harby gullukçylary we ýaşlary gök, bakja önümlerini öndürmekde peýdalanmak planyny yglan edende aýwadan taýýarlanylýan mürepbäniň ynsan saglygy üçin ýokumlydygy barada hem durup geçdi.

Döwlet baştutany munuň öňýany Maryda kärendeçilere artyk öndüren miwelerinden mürepbe, şerbet öndürmegi maslahat beripdi.

Harbylaryň önüm öndürmekde ulanylmagy baradaky plan hökümet mejlisinde ýanwardan bäri ýeralma ösdürip ýetişdirmek hakynda gürrüň edilmeginiň arasynda mälim boldy.

Berdimuhamedow 11-nji iýunda Kopetdagyň eteginde güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek, athana gurmak we beýleki degişli taslamalar bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň başynda ozaly ýurduň agyr ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda guruljak ýene bir athananyň taslamasy hakynda maslahat edildi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji iýunda geçirilen mejlisinde wise-premýer Çarymyrat Amanow prezidentiň garamagyna onuň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanylan athana taslamalaryny hödürledi.


Mundan öň ýurduň her welaýatynda döwrebap atçylyk toplumlary guruldy, Aşgabatda we onuň töwereklerinde üç sany atçylyk merkezi – Halkara ahal-teke atçylyk sporty toplumy, Aşgabat at-sport toplumy we Türkmenistanyň prezidentiniň Ahal-teke atçylyk toplumy bar.

Şu ýyl, Türkmen bedewiniň baýramy bellenende, döwlet baştutanynyň anyk wagtyny anyklaşdyrmazdan aýtmagyna görä, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga 680 million amerikan dollary möçberde maliýe serişdeleri goýberildi; nobatdaky Bedew baýramçylygynyň öňünden, Britan kompaniýasyndan £1 mln möçberindäki serişdä at çapyşyk ýodalaryna düşelýän täze örtük satyn aldy.

Çarymyrat Amanow bu gezek athana desgalarynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Döwlet baştutany athananyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini aýtdy, ”athanada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütler bilen milli binagärligiň nyşanlary jemlenmelidir” diýdi.

Ýöne ol täze desganyň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi, onuň býujetde nazarda tutulandygy ýa däldigi hakynda, şeýle-de bu taslamanyň tenderi hakynda hiç zat aýtmady.

Duşuşykda, athanadan başga, görnüşinden ýurtdaky azyk meselelerini çözmegiň S.Nyýazow döwründe synag edilen usuly, harbylary önüm öndürmekde mugt ulanmak meselesi hem orta getirildi. Synçylar bu ýagdaýy hökümet başlygynyň ýurtdaky azyk gytçylygyna gözleýän çözgüdi bilen baglanyşdyrýarlar.


TDH, biraz gijigip hem bolsa, harby we hukuk goraýjy edaralaryň her birine, miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin, ýer bölekleriniň berlendigini habar berýär, ýöne bu ýeriň näçe gektardygyny, ol ýerden öndürilmeli önümiň döwlet palanynyň bolup-bolmajakdygy hakynda hiç zat aýtmaýar.

Amanowyň hasabatynda aýdylmagyna görä, “bu ýerde ekilen üzüm agaçlary hasyla durupdyr”, üljäniň ilkinji hasylyndan bolsa prezidente hem hödür edildi.

Bölünip berlen ýer böleklerinde diňe üzüm we ülje däl, eýsem alma, erik, şetdaly, armyt, garaly, hurma we aýwa (behi) agaçlary hem ösdürilip ýetişdiriler.

Elbetde, bu önümçilikde “harby gullukçylaryň, aýratyn-da, ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwçylarynyň” işlediljekdigi açyk aýdylýar.

Habar gullugy mekdep okuwçylarynyň önümçilikde işledilmeginiň kanuna näderejede gabat gelýändigini anyklaşdyrmazdan, mejbury zähmetiň täze, ozal garaşsyzlygyň başynda ulanylan görnüşiniň “ýaşlaryň topraga bolan söýgüsini has-da artdyrjakdygyny” öňe sürýär.

Berdimuhamedow häkimiýet 2007-nji ýylda başyna geleninden soň, Nyýazowyň harbylaryň “özlerini eklemegi” barada alyp baran syýasatyna garşy çykdy we goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga üns berip başlady.

Şondan soň ozal mal bakmaga, ekin ekmäge mejbur edilen we köne-küşül eşikli şahsy hojalyklarda işlän, köçede dilegçilik eden, harby gullukdan gaçmaga mejbur bolan esgerler özlerini “hossarly ýaly duýdular” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran harby gullukçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


"Ozal Nyýazowyň Halk maslahatyny ýatyryp, soň dikelden Berdimuhamedowyň, ykdysady çökgünlik sözüni ilkinji gezek dile alanyndan gysga wagt soň, birden harbylaryň önüm öndürmegi babatdaky syýasaty hem dikeltmegi bilim-düşünjeli ofiserleriň arasynda uly alada döredýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Prezident harbylary we okuwçylary önümçilikde ulanmak planyny “harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň üpjünçilik derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen” düşündirýär, bu “edaralaryň ekerançylyk işleri bilen meşgullanmagynyň, dürli görnüşli önümleri öndürmek meselelerini ýola goýmagynyň uly geljeginiň bardygyny” aýdýar.

Mundan başga, prezident harbylara gök, bakja we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri bilen bir hatarda, “olary gaýtadan işlemek meselelerini, soňky tapgyrda bolsa ýyladyşhanalary gurmak işlerini ýola goýmagy” hem tabşyrdy.

Türkmen hökümeti birnäçe ýyl mundan öň ýurduň sebitlerinde gurulýan ýyladyşhanalaryň ýerli bazary doly üpjün edip, eksport etmek üçin hem önüm öndürjekdigini ynandyran bolsa, indi bu meseläni harbylary önümçilige çekmek bilen çözjek bolýana meňzeýär.

Has anygy, bäş welaýatda gurlan ýyladyşhanalaryň, milliardlarça dollar serişde berlen Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň çözüp bilmedik meselesi, täze plan esasynda, “ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün eder”.

Bu Berdimuhamedowyň sözi. Ol bu planyň “harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde” ähmiýetli boljakdygyny nygtaýar.

Bu Türkmenistanda güýç edaralarynyň önümçilige çekilişiniň ilkinji mysaly däl.


Resmi maglumata görä, 2016-njy ýylyň güýzünde Içeri işler ministrliginiň maldarçylyk toplumy açyldy, bu ýerde düýe, iri şahly we ownuk mallar, towşan, hindi towugy, towuk we beýleki haýwanlary ösdürip ýetişdirmek planlaşdyryldy.

IIM-niň uzak wagtlyk başlygy Isgender Mulikow türme tussaglygyna höküm edilenden soň, bu önümçiligiň ýagdaýy hakynda maglumat berilmedi.

Şeýle-de TDH ozal Gümrük gullugynyň diňe 2018-nji ýylda 11 milliondan gowrak ýumurtga beren 50 müň mäkiýanynyň bardygyny habar berdi.

Azatlyk radiosynyň IIM-niň we Döwlet gümrük gullugynyň bakýan mallarynyň berýän önümi barada täze, iň soňky maglumatlary almak synanyşyklary netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG