Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda bir günde müňe golaý COVID-19 näsagy ýüze çykaryldy, üç sebitde karantin berkidilýär


Bezeg suraty

11-nji iýunda Gazagystanda 944 adamda koronawirus ýüze çykaryldy, üç sebitde karantin düzgünleri berkidildi diýip, Azatlygyň Gazak gullugy habar berýär.

Gazagystanda jemi 17.031 koronawirus näsagy hasaba alyndy, olaryň 3,159-synda keseliň alamatlary ýok, bu näsaglar 3-nji iýundan bäri resmi statistika girizilmedi.

Epidemiýa başlaly bäri ýurtda bu keselden 68 adam öldi.

Dördünji gün keseliň daşky alamatlary esasynda ýüze çykarylan näsaglaryň köpüsi, 52 adam Karaganda sebitine degişli. Nur-Soltanda – 50, Almatyda we Aktobe sebitinde – hersinde 48, Şimkentde 29 hassa ýüze çykaryldy.

Şol bir wagtda, resmi maglumata görä, Aktobe, Karaganda we Žambyl sebitlerinde çäklendiriji çäreler güýçlendirildi.

Häkimiýetler bu karary näsaglaryň sanynyň köpelmegi bilen düşündirýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG