Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina NATO-dan hyzmatdaş statusyny aldy


Ben Wallas (Ben Wallace)
Ben Wallas (Ben Wallace)

Ukraina NATO-dan giňeldilen ygtyýarlykly hyzmatdaş statusyny aldy. Muny 12-nji iýunda Angliýanyň goranmak ministri, Kiýewi bu meselede goldan Ben Wallas (Ben Wallace) yglan etdi.

Ýaranlygyň Ukraina beren ygtyýarlyklaryndan şu wagta çenli diňe Gürjüstan, Iordaniýa, Awstraliýa, Finlýandiýa we Şwesiýa peýdalanýardy.

Giňeldilen mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaş statusy, Demirgazyk Atlantik şertnamasynyň işine möhüm goşant goşan ýaranlar we hyzmatdaşlar arasyndaky ylalaşygy ösdürmek baradaky başlangyçlarynyň bir bölegi bolup durýar.

Bu karar Ukrainanyň umumy programmalara giňeldilen elýeterliligini, bilelikdäki maşklara gatnaşmak mümkinçiliklerini, has giňişleýin maglumat alyş-çalşygyndan peýdalanyp biljekdigini, şol sanda toplanan amaly tejribe baradaky maglumatlary hem ulanyp biljekdigini aňladýar.

XS
SM
MD
LG