Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikada we Aziýada koronawirusyň möwç alýan wagtynda Ýewropa serhetlerini açýar


Berlin (illýustrasiýa suraty)

Ýewropanyň ençeme ýurdy üç aýlap saklan üzňeliginden soň 15-nji we 16-njy ýunda ýewropalylar üçin serhetlerini açýar.

Germaniýa, Belgiýa, Fransiýa, Gresiýa we Çehiýa Respublikasy öz serhetlerini ilkinji açýan ýurtlaryň arasynda. Awstriýa olara 16-njy iýunda goşulýar.

Ýurtlaryň sazlaşykly hereketi geçen hepdede Ýewropa Komissiýasynyň guramanyň agza ýurtlaryna serhetlerini mümkin boldugyndan tiz açmagy maslahat bermeginiň yzýanyna gabat geldi.

Serhetleriň açylmagy ÝB-niň, Britaniýanyň we Ýewropanyň wizasyz syýahatçylyga rugsat berýän şengen giňişligine girýän beýleki ýurtlarynyň raýatlaryna täsir ýetirer.

Şol bir wagtda-da, ýurtlar test synaglaryna we syýahatçylar üçin howpsuzlyk rekomendasiýalaryna degişli dürli düzgünleri ýöredýär. Kontinentiň daşyndaky syýahatçylar bolsa Ýewropa barmak mümkinçiligine heniz garaşmaly bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG