Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ýene bir alym watan dönükliginde aýyplanýar


Orsýetiň Arktika akademiýasynyň alymy Waleriý Mitko
Orsýetiň Arktika akademiýasynyň alymy Waleriý Mitko

Orsýetiň häkimiýetleri Sankt Peterburgda ýerleşýän Arktika akademiýasynyň alymy Waleriý Mitkony watan dönükligi aýyplamasynyň esasynda suda çekdi. Şuňa meňzeş aýyplamalaryň esasynda derňewler Orsýetde alymlaryň ençemesi babatynda geçirilýär.

Mitkonyň aklawçysy Iwan Pawlow 78 ýaşly alymyň fewraldan bäri öý tussaglygynda saklanýandygyny we onuň işiniň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) tarapyndan derňelýändigini 15-nji iýunda aýtdy.

Mitko syrly maglumatlary Hytaýa bermekde aýyplanýar diýip, Pawlow aýdy. Onuň sözlerine görä, Mitko Hytaýa okatmak üçin ýygy-ýygyndan baryp gelipdir we ýany bilen "diňe öz ylmy barlaglaryna we berýan sapaklaryna degişli maglumatlary alyp barypdyr".

5-nji iýunda Sankt Peterburgyň sudy Mitkonyň öý tussaglygyny 10-njy oktýabra çenli uzaltdy. Alyma köçä çykmak we beýlekiler bilen göni ýa-da elektron poçta, internet we telefon arkaly gatnaşmak gadagan edildi.

Orsýetde alymlary watan dönükliginde aýyplap, olara garşy iş gozgamak soňky ýyllarda yzygiderli ýüze çykýar.

Birnäçe gün ozal Orsýetiň sudy 79 ýaşly kosmos boýunça alym Wladimir Lapygini möhletinden ir boşatmak kararyny yglan etdi. Lapygin 2016 ýylda watan dönükliginde aýyplanyp 7 ýyl türmä höküm edildi. Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" topary ony wyždan ýesiri diýip atlandyrdy. "Roskosmos" agentliginde işlän Lapygin hem Hytaýa syrly materiallary bermekde günälendi, ol aýyplamalary ret etdi.

XS
SM
MD
LG