Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy Paul Whelany türmä höküm etdi, ABŞ muňa "adalatyň üstünden gülmek" diýýär


ABŞ-nyň Paul Whelan sud zalynda özi babatynda çykarylan karary tutup dur, Moskwa, 15-nji iýun, 2020.
ABŞ-nyň Paul Whelan sud zalynda özi babatynda çykarylan karary tutup dur, Moskwa, 15-nji iýun, 2020.

Orsýetiň sudy öňki amerikan harby deňizçisi Paul Whelany içalyçylykda günäli tapdy. ABŞ-nyň Orsýetdäki baş diplomaty bu ýagdaýy "adalatyň üstünden gülmek" diýip atlandyrdy.

Moskwanyň şäher sudy 15-nji iýunda Whelany 16 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Sudda görkezilen subutnamalaryň syrly maglumatlary öz içine alandygy, şeýle-de koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmeler sebäpli diňlenişik ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirildi.

Şeýle-de, Britaniýanyň, Kanadanyň we Irlandiýanyň raýaty bolan 50 ýaşly Whelan 2018-nji ýylyň dekabr aýynda Moskwada tussag edildi, 2020-nji ýylyň martynda pandemiýanyň dowamynda sud edildi we diplomatik protestini döretdi.

Whelan özüne ýöňkelen aýyplamalary ret etdi. Whelan aýyplamalary syýasy matlaply atlandyrdy we suduň kararyndan şikaýat etjegini žurnalistlere aýtdy.

ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi John Sulliwan Whelana çykarylan hökümiň özünde "gahar, gazap" döredendigini aýtdy we sudy "adalatyň üstünden gülmek" diýip atlandyrdy. Ilçi Whelanyň işiniň ABŞ-Orsýet gatnaşyklaryna zeper ýetirjegini nygtady.

XS
SM
MD
LG