Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Demirgazyk Koreýa Günorta bilen aragatnaşyk edarasyny partlatdy


Demirgazyk Koreýanyň Kaesong senagat toplumyndan tüsse asmana galýar. 16-njy iýun, 2020 ý.

16-njy iýunda Demirgazyk Koreýa serhetýaka Kaesong şäherinde ýerleşýän Günorta bilen aragatnaşyk edarasyny partlatdy diýip, Seulyň Bileleşik ministrligi aýtdy. Bu waka Phenýan tarapyndan barha möwç alýan çykyşlaryň yzýanyna gabat geldi.

“Demirgazyk Koreýa sagat 14:49-da Kaesong aragatnaşyk edarasyny partladýar” diýip, koreýara gatnaşyklary dolandyrýan ministrligiň metbugat wekili žurnalistlere iberen bir setirden ybarat maglumatynda aýtdy.

Seulyň bu beýany, partlama eşidilenden we aragatnaşyk edarasynyň ýerleşýän ýerinden, ýagny Kaesongdaky taşlanan bilelikdäki senagat zonasyndan tüsse asmana ýokarlanandan birnäçe minut soňa gabat geldi diýip, Yonhap habar gullugy takyk bolmadyk çeşmelere salgylandy.

16-njy iýunda irden Demirgazyk Koreýanyň armiýasy Günorta garşy çäre görmäge, şol sanda koreýara şertnamasy boýunça ýaragsyzlandyrylan sebitlere gaýtadan girmäge “doly taýýardygyny” aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň kuwwatly aýal dogany Kim Ýo Jong hepdäniň ahyrynda eden çykyşynda “köp wagt geçmänkä, peýdasyz demirgazyk-günorta bilelikdäki aragatnaşyk edarasynyň pajygaly sahnasynyň görünjekdigini” aýtdy.

Agzalýan edara iki Koreýanyň aragatnaşyk gurmagy üçin 2018-nji ýylda täzelenipdi.

XS
SM
MD
LG