Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi armiýasy Hytaý bilen serhet çaknyşygynda üç esgeriň ölendigini aýdýar


Hindistanyň Ladakh sebiti.

Hindistanyň armiýasy hytaý esgerleri bilen jedelli Gimalaý serhedinde bolan “gazaply gapma-garşylykda” üç esgeriň, şol sanda ýokary derejeli ofiseriň öldürilendigini aýdýar.

Bu aralykda, Hytaý Hindistany jedelli serhet böleginden geçmekde aýyplady.

Iýun wakasy – köp ýyllaryň dowamyndaky iň çynlakaý hadysa bolup, ol 15-nji iýunda Ladakhyň Galwan jülgesinde boldy. Bu ýerde soňky birnäçe hepdäniň dowamynda iki tarapyň biri-birine garşy hüjüm edendigi we çaknyşyklaryň bolandygy habar berildi.

Hindistanyň harbylarynyň beýanatyna görä, iki tarapyň harby wekilleri dartgynlygy gowşatmak üçin duşuşýarlar.

“Galwan jülgesinde dartgynlygy azaltmak prosesiniň dowamynda, düýn gije adam ýitgisine getiren ýowuz gapma-garşylyk bolup geçdi. Hindi tarapyndan ölenleriň arasynda bir ofiser we iki esger bar” diýip, hindi armiýasynyň metbugat wekili polkownik Aman Anand aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Zhao Lijian 15-nji iýunda hindi goşunynyň serhet liniýasyndan iki gezek geçendigini, “hytaý işgärlerini öjükdirip, olara hüjüm edendigini we munuň iki tarapyň serhet güýçleriniň arasynda çynlakaý fiziki çaknyşyklara sebäp bolandygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG