Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurtly "Altyn köl" boldy, synçylar onuň saglyk üçin howpsuz boljagyna şübheli garaýar


Gurtly kölünde suwa düşýän adamlar. 2014 ý.
Gurtly kölünde suwa düşýän adamlar. 2014 ý.

"Kölüň ekologiýa ýagdaýy we onuň suwunyň arassalyk derejesi ýokary görkezijilere eýedir hem-de kesgitlenen kada gabat gelýär" diýip, ministr gurçuklary bilen at gazanan kölüň suwunyň nähili tämizlenendigini anyklaşdyrmakdan saklandy.

Türkmen mediasy 15-nji iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabadyň alkymynda ýerleşýän Gurtly kölüniň kenarynda gurlan dynç alyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny, bu ýeriň tas tasdan ýyllap ulanylan adynyň üýtgedilip, "Altyn köl" bolandygyny habar berdi.

Ýerli synçylar kölüň öz täze dakylan adyna eýe boljagyna, onuň ilatyň jan saglygy üçin howpsuz dynç alyş ýerine öwrüljegine şübheli garaýarlar, TDH bu dynç alyş zolagynyň girelgeleriniň polisiýa gözegçiliginde goraljakdygyny we oňa diňe saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany görkezen adamlaryň girip biljekdigini aýdýar.

1962-nji ýylda, Amyderýanyň suwy Garagum kanaly arkaly paýtagta gelende döredilen suw howdanynyň kenary, ýaşuly aşgabatlylaryň gürrüň bermeklerine görä, irki ýyllarda tomsuna köp adamly bolardy. Ýöne soňra bu köl "gurtly" bolup, ýagny her hili suwda ýüzýän gurçuklarynyň köplügi bilen, "Gurtly" adyna eýe boldy. Sebäbi ondan şol döwürde hem köplenç içege taýajyklary (latynça - Escherichia coli) diýilýän bakteriýalar tapylardy.

Habarly adamlaryň aýtmagyna görä, kölüň suwunyň aşa hapalanmagy we porsamagy onuň 1992-nji we 1993-nji ýyllarda suwa düşmäge gelýänler üçin ýapylmagyna hem alyp geldi. Soňra bu ýer, arassaçylyk, gözegçilik işleriniň bes edilmegi, awtobus gatnawynyň ýatmagy bilen, suwa düşmegiň gadagan edilendigine garamazdan, öz ulagy bolan adamlaryň barýan "ýabany plýažyna" aýlandy.

Türkmenistanyň prezidenti bu dynç alyş ýerini düýpli abatlamagy baryp 2009-njy ýylyň noýabrynda, şol wagtky wise-premýer Myratgeldi Akmämmedowa buýurdy.

Azatlyk 2014-nji ýylda, şol buýrukdan üç ýyl soňam hiç bir üýtgeşikligiň bolmandygyny habar berdi, kölüň kenaryndaky gözgyny ýagdaýlary görkezýän fotosuratlary, 2015-nji ýylda bolsa, ozal arassaçylyk düzgünleri belli bir derejede saklanan kenaryň zir-zibilleriň mesgenine öwrülişini görkezýän wideo-reportaž çap etdi.

Zir-zibile çümen Gurtly köli
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:24 0:00

Emma kölüň kenarlarynyň düýpli abatlanmagy we bu ýerde gurlan desgalaryň açylyş dabarasy Hazar deňziniň kenarlaryndaky dynç alyş mümkinçilikleriniň koronawirus aladalary sebäpli gadagan edilen wagtyna gabat geldi.

Türkmenistan ýurtda bu kesele ýoluganlaryň bardygyny resmi taýdan tassyklamaýan hem bolsa, ýurt içinden resmi däl, ýöne täze koronawirusyň alamatlaryny görkezýän näsaglaryň köpelýändigi hakynda gelýän maglumatlaryň yzy kesilmeýär.

Belki-de, täze desgalaryň şu hili aladaly wagtda açylmagyny delillendirmek üçin, dynç alyş toplumynyň dabarasynda saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesow hem çykyş etdi.

"Kölüň ekologiýa ýagdaýy we onuň suwunyň arassalyk derejesi ýokary görkezijilere eýedir hem-de kesgitlenen kada gabat gelýär" diýip, ministr gurçuklary bilen at gazanan kölüň suwunyň nähili tämizlenendigini anyklaşdyrmakdan saklandy.

Şonuň bilen bir wagtda, kölüň kenarynda dynç almak isleýänler saglyk gözegçiliginden geçip, 14 günläp güýjüni saklaýan saglyk güwänamasyny almaly bolarlar.

Mundan başga, ministr dynç alyş zolagynyň ähli çäginde zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilendigini, bu işiň yzygiderli dowam etdiriljekdigini hem sözüne goşdy.

Türkmenistan mundan öň, ata-babalaryň ýokanç kesellerden goranmagyň netijeli usullaryny tapandygyny aýdyp, koronawirus ýokaşmalaryna garşy ýüzärlik, sazak püri we küli bilen garşy durmagy öňe sürüpdi.

Anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäri "Altyn kölüň" adamlar, hususan-da ol ýerde dynç aljakdygy aýdylýan çagalar üçin näderejede howpsuz boljagy barada beren soragymyza: "Ol köle giren adam soň saglyk ýagdaýy hakynda güwänama almaly bolar, ýogsa onuň ýokanç kesele ýolugyp, kyn ýagdaýa düşmegi mümkin" diýip jogap berdi.

Onuň pikiriçe, akman duran suwuň kenarynda beýle ägirt uly desgalaryň gurulmagy, hususan-da bu ideany ozalky saglyk ministriniň goldamagy gaty geň bolup görünýär.

Geljekde bu toplumyň has ulaldylmagyna garaşylýar.

Wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewiň taýýarlamaly täze taslamalaryna sentýabrda serediler we olar tassyklansa, dynç alyş zolagy mundan beýläk hem giňeldiler diýip, prezident belledi.

Umumy bahasy barada hiç bir maglumat berilmeýän täze taslamalar baradaky täzelik prezidentiň öňde duran ykdysady kynçylyklar sebäpli gurluşyk taslamalaryna täzeden seretmek barada beren tabşyryklarynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG