Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp polisiýany reformalaşdyrmak kararyna gol goýdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp polisiýany reformalaşdyrmak kararyna gol çekdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp polisiýa işgärlerine güýç ulanmak boýunça has gowy türgenleşik bermek üçin goýberilýän maliýe serişdelerini artdyrmak we polisiýanyň bidüzgünçiliklerini yzarlajak federal maglumat ulgamyny döretmek baradaky karara gol çekdi.

Tramp 16-nji iýunda bu karara gol goýmazdan ozal: “Biz ozalky şowsuzlyklaryň galybyny aradan aýyrmalydyrys” diýip, çykyş etdi.

Bu aralykda, şäherleriň we ştatlaryň birnäçesi Jorj Floýdyň ölümi bilen baglylykda dörän köpçülikleýin protest çärelerine jogap bermek ugrunda özleri ädim ädip başladylar.

Tramp, polisiýa ofiseriniň janyna howp abanmasa, adamy bogup saklamak çäreleriniň gadagan edilýändigini belledi. Tramp öz administrasiýasynyň “adam pidaly gapma-garşylyklaryň öňüni almaga ýardam berjek täze, öňdebaryjy we kuwwatly, şeýle-de has az ölüm howply ýaraglary göz öňünde tutýandygyny” hem sözüne goşdy.

"Garaýagyzlaryň durmuş-ýaşaýyşlary wajyp" hereketi we aktiwistler ýurtdaky jenaýat kazyýet ulgamyna düýpli garamaga çagyrdylar.

Şol bir wagtda, Kongresde polisiýany federal derejede, has giň gerimde reformalaşdyrmak boýunça taslamalar işlenilýär.

Waşingtonda kabul ediljek kararlar bilen birlikde, reformalaryň köpüsi ýerli derejede amala aşyrylmaly bolar. ABŞ-da ştatlaryň we şäherleriň ençemesi eýýäm polisiýanyň işine düzedişleri kabul etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG