Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwa ABŞ uçarlarynyň Alýaskanyň golaýynda rus uçarlarynyň gapdaly bilen uçandygyny aýdýar


Russiýanyň strategiki TU-95 uçary (arhiw suraty)

ABŞ-nyň harby howa güýçleriniň uçarlary Bering bogazynyň üstünde gözegçilik geçirýän Russiýanyň ýadro ýaragyny daşamaga ukyply dört bombaçy uçarynyň gapdaly bilen uçdular diýip, Moskwa aýdýar.

Bering bogazy Russiýanyň Çukotka ýarymadasynyň we ABŞ-nyň Alýaska ştatynyň arasyndan geçýär.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň 17-nji iýunda beren maglumatyna görä, Birleşen Ştatlaryň F-22 kysymly harby uçarlary rus strategiki TU-95MS kysymly bombaçy uçarlarynyň gapdaly bilen uçupdyrlar. Rus tarapy öz uçarlarynyň Çukotkanyň golaýyndaky bitarap suwlaryň üstünden uçandygyny aýdýar.

10-njy iýunda Birleşen Ştatlaryň howa hüjüminden goranyş kommandowaniýesi öz harby uçarlarynyň Alýaskanyň kenarlarynda rus harby we bombaçy uçarlaryny iki gezek äşgär edendigini mälim edipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG