Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Sierra-Lione bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasy

Türkmenistan bilen Sierra-Lione respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky resminama 15-nji iýunda Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynda gol çekildi. Bu barada Turkmenportal.com neşiri habar berýär.

Resminama Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ahmet Gurbanow hem-de Sierra-Lionyň Eýrandaky ilçisi Kamara Ali Baradar gol çekdi.

Taraplar oba hojalygy, geologiýa we inwestisiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi, şeýle-de lukmançylyk hyzmatlary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşypdyrlar.

72 müň inedördül kilometr töweregi meýdany bolan Sierra-Lione Günbatar Afrikada ýerleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG