Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkmenistanyň kazyýet lukmançylygyny kämilleşdirmek maksady bilen BMG edarasyna 200 müň dollar bölüp berdi


turkmenistan, us flag combo
turkmenistan, us flag combo

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Kanun goraýyş işi we neşe serişdeleriniň halkara dolanyşygyna garşy göreş boýunça býurosy (INL) “Türkmenistanda kazyýet lukmançylygyny kämilleşdirmek” taslamasynyň ikinji tapgyryny goldamak maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdiriýetine (UNODC) 200 müň dollar bölüp berýändigini mälim edýär diýip, Wenadaky Halkara guramalary boýunça ABŞ wekilhanasy 12-nji iýunda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

“Bu BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdiriýetiniň Türkmenistanyň kazyýet laboratoriýalarynyň halkara akkreditasiýa ülňülerine laýyk gelmegi we we olary aşmagy ugrunda edýän tagallalaryna goşant bolar” diýip, beýanatda aýdylýar.

Mundan ozal, aprel aýynda ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy soňky 20 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň türkmen hökümeti bilen hyzmatdaşlyk esasynda amala aşyrylan ikitaraplaýyn we regional programmalara 207 million dollar sarp edendigini, şondan 21 million dollaryň ýurduň saglygy saklaýyş programmalaryna gönükdirilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG