Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çuwaşystanyň öňki başlygy, Putini suda beren  Ignatiýew keselhanada aradan çykdy


Mihail Ignatiýew
Mihail Ignatiýew

Çuwaşystanyň ozalky başlygy, rus prezidenti Wladimir Putiniň üstünden suda şikaýat eden Mihail Ignatiýew keselhanada aradan çykdy. Ol maý aýynda koronawirus ýokaşandygy üçin keselhana ýerleşdirildi.

Bu habar Orsýetiň "Interfaks" habar gullugy tarapyndan, neşiriň çeşmesine salgylanyp habar berildi. Mundan öň Orsýetiň “Kommersant” gazeti Ignatiýewiň agyr hassalaryň bölümine geçirilendigini we ol ýerde ýürek-öýken enjamyna birikdirilendigini habar berdi.

58 ýaşly Ignatiýew 2010-njy ýyldan 2020-nji ýylyň ýanwaryna çenli Çuwaşystana ýolbaşçylyk etdi. Ýanwar aýynda ol Putin tarapyndan, ynamyny ýitirendigi sebäpli diýlip, işinden boşadyldy. Bu syýasatçy bilen baglanyşykly ýüze çykan iki dawadan soň boldy.

Ilki ol Çeboksaryda rus we çuwaş metbugatynyň gününe bagyşlanan dabarada häkimiýetleri tankytlaýan žurnalistleriň we blogçylaryň “mynjyradylmagyna” çagyrdy.

Soňra onuň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň sebitdäki işgärlerine täze ýangyn söndüriji awtoulaglaryň açarlaryny gowşuranda, ol açary alýan işgäri bökdürişini görkezýän wideosy ýaýrady.

Ignatiýew işden boşadylmagyna garşylyk bildirip, suda şikaýat etdi.

Gubernatorlary saýlamak baradaky kanuna görä, ynamy ýitirendigi sebäpli işden aýrylmagy üçin, wezipeli adam korrupsiýada, bähbit gapma-garşylyklaryny aradan aýyrmazlykda aýyplanmaly ýa-da suduň oňa garşy çykaran hökümi güýje girmeli.

XS
SM
MD
LG