Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen Mejlisinde täze kanunçylyk dokumentleri, üýtgetmeler we goşmaçalar maslahatlaşylar


Kanuny ýerine ýetirijiler.
Kanuny ýerine ýetirijiler.

20-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyryşynyň 10-njy sessiýasy geçirilip, onuň dowamynda täze kanunçylyk dokumentlerine serediler diýip, “Trend” neşiri habar berýär.

Şeýle-de, halk wekilleriniň nobatdaky ýygnanyşygynda ýurduň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowanyň çykyş etjekdigi habar berilýär.

Resmi maglumata görä, deputatlaryň garamagyna jenaýatyň öňüni almak boýunça; bedenterbiýe we sport boýunça; adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ynsanperwer kömegi barada taýýarlanan kanun taslamalary hödürlener.

Jenaýat işiniň kodeksine, jenaýat kodeksine, administratiw düzgünler, raýat prosedura düzgünleri, howa, salgyt we zähmet kodeksi boýunça üýtgetmeler we goşmaçalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle-de, jemgyýetçilik birleşikleri, döwlet serhedi, býujet kodeksini tassyklamak we durmuşa geçirmek barada, ätiýaçlandyryş barada, döwlet emlägini denizasiýa etmek we hususylaşdyrmak, döwlet pensiýa ätiýaçlandyryşy, syýahatçylyk, migrasiýa barada, weterinariýa meseleleri boýunça käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler girizmek meselesine serediler.

Mejlisde käbir halkara gurallarynyň tassyklanylmagy hem ara alnyp maslahatlaşylar.

XS
SM
MD
LG