Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Ýokary sudy immigrant çagalaryň deportasiýadan goralmagyny goldaýar


ABŞ-nyň Ýokary sudynyň binasy
ABŞ-nyň Ýokary sudynyň binasy

ABŞ-nyň Ýokary sudy prezident Donald Trampyň immigrant çagalary goramak baradaky programmany ýatyrmak hakyndaky kararyny petikledi.

Dördünji gün ýurduň Ýokary sudy aşaky suduň DACA programmasyny bikanun diýip yglan eden kararyny ýatyrdy. Bu programma "arzuwçyllar" diýilýän müňlerçe çagany, ene-atalary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bikanun gelen immigrantlary yzyna iberilmekden goraýar. DACA programmasy prezident Barak Obamanyň döwründe işe girizildi.

“Amerikanyň sesiniň” bellemegine görä, Ýokary suduň bäş agzasy aşaky suduň kararyny ýatyrmak üçin ses berdi, sudýalaryň dördüsi garşy çykdy. Konserwatiw başlyk Jon Roberts liberal sudýalara goşuldy.

Donald Tramp ses berişlige şobada jogap berdi. Ol twitterde Ýokary suduň diňe DACA-da däl, soňky kararlarynyň ählisi "diňe bir zady - bize täze sudýalaryň gerekdigini görkezýär” diýip ýazdy.


DACA programmasy takmynan 700 müň adamy öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG