Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kitap tekjesi üstünde turan dawada ildeşini pyçaklan türkmenistanla 9 ýyl berildi


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Orsýetiň Ulýanowsk şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda öz ildeşini öldüren türkmenistanly studente ýyl kesilendigini habar berýär.

Bu waka 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynda, Täze ýyl gijesiniň öňüsyrasynda boldy, okamaga gelen student özara dawa netijesinde, öz ildeşine iki gezek pyçak urdy. Ejir çeken wakanyň bolan ýerinde jan berdi.

Ulýanowsk.Ekspres” neşiriniň 18-nji iýunda beren habaryna görä, berk düzgünli koloniýada dokuz ýyl oturmaly bolar.

Metbugat maglumatlarynda iki studentiň kitap tekjesi üstünde oňuşmandygy habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG