Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ýokaşan COVID-19 sany 25 müňden geçdi


Almaty, gan tabşyrylýan nokat.

Gazagystanda soňky bir gije-gündizde, Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, 1048 sany täze koronawirus ýokaşmasy ýüze çykaryldy. Wirus ýokaşan 428 adamda keseliň alamatlary bar, olaryň 620-si alamatsyz wirus göteriji diýilýänlere degişli.

Resmi maglumatlara görä, Gazagystanda wirus ýokaşanlaryň sany 25,008, şolardan 8229-sy “simptomsyz”, ýagny keseliň daşky alamatlary bolmadyk näsaglardyr.

Saglyk ministrligi 3-nji iýundan bäri “simptomsyz” näsaglary aýratyn hasaplaýar we olary hassalaryň umumy statistikasyna goşmaýar. Bilermenleriň käbiri bu çemeleşmäni manipulýasiýa, gözboýagçylyk hasaplaýar we bu hili hasap usulynyň hadysanyň umumy keşbini ýoýýandygyny, sanlary azaltmaga gönükdirilendigini aýdýar.

Ýurtda koronawirusdan ölenleriň sany 113-e ýetdi. Bäşinji gün häkimiýetler COVID-19-dan sekiz adamyň ölendigini habar berdiler.

Amerikanyň Jon Hopkins uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, dünýäde 8,6 million wirus ýokaşan näsag ýüze çykaryldy, takmynan 460 müň adam bu keselden öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG