Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri Russiýa garşy sanksiýalary ýene alty aý uzaltmak kararyna geldi


Angela Merkel

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ýolbaşçylary, gündogar Ukrainadaky ýaragly çaknyşykdaky roly bilen bagly, 2014-nji ýylda Russiýa garşy girizilen ykdysady sanksiýalary ýene-de bir alty aý uzaltmak barada ylalaşyga geldi.

Bu habary, ÝB liderleriniň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk maslahatynyň netijeleri esasynda, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel yglan etdi.

Merkel we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron kärdeşlerine gündogar Ukrainadaky häzirki ýagdaý we Minsk şertnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdiler. ÝB sanksiýalaryň şertnamalar ýerine ýetirilende we bu ugurda düýpli öňegidişlik bolan halatynda ýeňilleşdirilip ýa-da ýatyrylyp bilinjekdigini birnäçe gezek mälim etdi.

Sanksiýalar Russiýa bilen maliýe, energiýa, söwda pudagynda hyzmatdaşlyga birnäçe çäklendirmeleri girizýär we Russiýa harytlaryň birnäçe kategoriýasynyň eksport edilmegini gadagan edýär.

Russiýa hem bu sanksiýalara garşy öz çärelerini gördi, hususan-da, azyk önümleriniň ÝB ýurtlaryndan import edilmegine gadaganlyk girizdi.

Rus resmileri Ýewropanyň dürli syýasatçylaryny we guramalaryny, koronawirus epidemiýasyna salgylanyp, sanksiýalary ýatyrmaga çagyrdy. ÝB häzirki sanksiýalar Russiýanyň epidemiýa garşy durmak ukybyna täsir etmeýär diýen netijä geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG