Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deksametazon COVID-19 üçin ilkinji dermanmy? Onuň täsiri nähili we nämeden howply


Oksford uniwersiteti COVID-19bilen kesellän agyr näsaglar üçin ulanyljak ýokary biologiki aktiwligi bolan deksametazon immunosupressoryň kliniki synagynyň üstünlikli geçendigini mälim etdi.

16-njy iýunda Oksford uniwersiteti COVID-19bilen kesellän agyr ýagdaýdaky näsaglar üçin, steroid immunosupressor deksametazonyň kliniki synagynyň üstünlikli geçendigini habar berdi. Barlagçylaryň pikirine görä, bu bejergi usuly eger epidemiýa başlanaýan badyna ulanylan bolsa, diňe Britaniýanyň özünde müňlerçe adamy ölümden halas ederdi. Alymlar ol işiň doly maglumatlarynyň çap edilmegi üçin, entek garaşmaly boljakdygyny aýdýarlar, sebäbi kortikosteroidleriň, ýagny steroid gormonlarynyň goşmaça täsir etmeginden howatyr edýärler. Ýöne deksametazon serişdesiniň köp agyr ýagdaýdakylar üçin täsirli boljakdygyna ylalaşýarlar.

Oksford uniwersitetiniň çap eden pres-relizindeaýdylyşyna görä, deksametazon öýkene emeli dem beriş (ÖED) apparatynda ýatan näsaglaryň ölüm derejesini üç esse azaldypdyr, diňe kislorod kömegini alýanlaryň 20%-ne kömek edipdir. Synag işleri Britaniýanyň 175 keselhanasynda ýatan 11 500-den gowrak adamda geçirilipdir. Bütindünýä saglyk guramasynyň ýolbaşçysy Tedors Gebreisus barlagçylary gutlap, deksametazony «ÖED ulanýan ýa-da kisloroda mätäç bolan [COVID-19]näsaglaryň ölüm derejesini azaldýan ilkinji derman» diýip atlandyrdy.

Hakykatdan-da, deksametazon iň iri kliniki barlaglaryň arasynda COVID-19bilen ýatan näsaglara berlen hem peýdasy degen ilkinji derman hasaplanýar. Ýogsa-da, birnäçe medisina işgärleri onuň peýdaly usuldygyny ykrar edip, Oksford alymlarynyň beýanatyna, iň bolmanda entek ol işiň doly barlagynyň çap ediljek wagtyna çenli ünsli garaýarlar. Beýle şübhäniň döremegi düşnükli zat, mundan sähel wagt öňräk iň abraýly medisina žurnaly bolan The LancetCOVID-19barada beýleki bir ähmiýetli iş – gidroksihlorohin serişdesini yzyna gaýtarypdy. Yzyna gaýtarylan işiň awtorlary gidroksihlorohiniň ähmiýeti entek pes diýip düşündiler.

Deksametazon bilen ýagdaý başgaça; ol gidroksihlorohinden tapawutlylykda, koronawirus kesellileriň ählisini bejermek mümkinçiligini öz üstüne almaýar, ol öýken çişmesi bilen diňe soňky demde ýatanlara ulanylýar. Deksametazon näsaga nähili täsir edýär, näme üçin ondan peýda bolar diýlip garaşylýar, ony-da ulanmak howply ahyryn, bejerişiň başga bir alternatiwasy bolmazmy diýen sorag bilen Azatlyk Radiosy Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Bioorganiki himiýa institutynyň immunologiýa alymy Sofýa Kasaskaýaýüz tutdy.

COVID-19bilen agyr kesellänlerde soňlugy bilen sitokin gomlary diýilýän dert galýar, ol bolsa adamdaky immuna reaksiýasynyň kontrolyny basýar hem öýjükleriň, owaly bilen-de öýken öýjükleriniň bozulmagyna getirýär.

– Sitokin gomlary adam organizminde çalt immuna sistemasynyň döremegini aradan aýyrýar. Adamda, meselem W hem T limfositleri ýetmeýär, olar bolsa takyk wiruslary kesgitleýjilerdir. Ýöne immuna sistemasy olary gözlemegi dowam etdirýär hem duýduryjy molekulalary çagyrýar, netijede zynjyrly reaksiýa emele gelýär. Aktiwleşdirilen öýjükler wirusa garşy göreşip bilmeýärler, muňa derek olar öýkendäki beýleki bir epiteliýa öýjügini öldürýär – diýip, Sofýa Kasaskaýa düşündirýär.

Bu çärä garşy dürli usullar bilen göreşip gelýärler. Meselem, immuna öýjüklerini aktiwleşdirip, ony «söweşjeň ýagdaýa» getirýärler.Keseliň ýaýraýan wagtynda esasy hyzmaty makrofagi, ýagny adamyň immunosistema öýjükleri berjaý edýär, olar iki hyzmaty berjaý ediş ýagdaýynda bolup bilerler; «söweşjeň» hem «dikeldiji» hyzmatynda. Şeýlelikde, makrofagi öýjükleriň dikelmegine ýardam edýär.

– Hut şol makrofagi deksametazonda bolşy ýaly, kortikosteroid gormonlaryň ilkinji nyşanasy bolýar. Aktiwleşdirilen makrofagi köplenç ikinji görnüşe geçende, molekulýar derejede örän peýdaly hem çalt bolýar. Kortikosteroidler derrew öýjügiň ýadrosyna düşýär hem-de sagaldyş faktorlaryny özleşdirýär – diýip, S. Kasaskaýa aýdýar.

Şonuň netijesinde, kortikosteroid ulanylanda, örän çalt täsir edýär, birnäçe sagadyň dowamynda gandaky makrofagileriň dikeldiş işini çaltlaşdyrýar. Ýöne bu çäräni ulanmak wiruslar bilen göreşýän immunitetiň peselmegine getirýär. Deksametazon bolsa tutuş organizmi goramakdan ejiz. Alymyň aýtmagyna görä, munuň wirus infeksiýasy bilen göreşde onuň beýle bir zyýany ýok, ýöne COVID-19bilen agyr görnüşde uzak wagtlap keselhanada ýatýan näsag başga bakteriýalardan infeksiýa alyp biler. Deksametazon ulanylanda, adam organizminiň goragy gowşaýar. Şeýle hem ol serişde nerwi sistemasyna ýaramaz täsir edip, adamyň psihiki ýagdaýyny üýtgedip biler. Ýöne kortikosteroid ulanylanda W hem T limfositleriň, aýratyn-da immuniteti adaptirleýän öýjükleriň ölmegine getirip biler.

Deksametazon ilkinji nobatda öýkene emeli dem beriş sistemasyndan peýdalanýan näsaglara ýardam berip biler.
Deksametazon ilkinji nobatda öýkene emeli dem beriş sistemasyndan peýdalanýan näsaglara ýardam berip biler.

Her niçik-de bolsa, COVID-19ýiti görnüşde ýüze çykanda näsag üçin bu topara degişli serişdeleri ulanmak dogry saýylýar diýip, S. Kasaskaýa belleýär. Kortikosteroidler pulmonologiýada, şeýle hem öýkeniň hroniki näsazlygynda ulanylýar. Deksametazon serişdesini koronawirus infeksiýasynda bejergi üçin ulanmak işleri ylmy jemgyýetde baryp aprel aýynda aýdylan eken. Ol serişde Russiýanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň COVID-19bejermek baradaky tekliplerine hem girizilipdir. Sofýa Kasaskaýanyň aýtmagyna görä, Oksford uniwersitetinde barlagdan geçen ol serişdä praktikada tassyklanan diýse bolar, ol derman teoretiki taýdan COVID-19bilen agyr kesellänlere iş ýüzünde berilýär.

Häzirki wagtda köpçülige elýeterli hem gymmat bolmadyk deksametazonbritan wraçlarynyň hyzmaty hem-de BSG-niň beýanaty bilen goşmaça psihologiki artykmaçlyk gazandy. Bu, belki-de, dünýäniň dürli ýurtlarynda koronawirus infeksiýasyny bejermekde wraçlaryň protokolynda peýda bolar. Şol wagtyň özünde,COVID-19 wirusyna garşy häzirlikçe bahasy örän gymmat bolan tosilizumab – monoklonal antitelosy ulanylýar. Häzir tosilizumab boýunça kliniki barlaglar hem dowam edýär.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen derman serişdelerini wraç bellemedik ýagdaýynda ulanmagyň düýpden dogry däldigini duýdurýar. Bu diňe bir peýdasyz bolman, eýsem ölüm howpludy.

Material AÝ/AR-nyň Rus gullugytarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG