Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serbiýanyň parlament saýlawlarynda ýeňen SNS partiýasyna köp iş garaşýar


Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç öz partiýasynyň parlament saýlawlarynda gazanan ýeňişinden soň, Belgrad, 21-nji iýun, 2020.

Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç öz partiýasynyň 21-nji iýunda geçirilen parlament saýlawlarynda gazanan ýeňişinden soň wagtynyň örän azdygyny we köp işiň garaşýandygyny aýtdy.

Wuçiçiň "Serbiýanyň progressiw partiýasy" (SNS) atly syýasy topary saýlawlarda sesleriň 63 prosentini gazandy. Wuçiç özüne "örän agyr" hepdäniň garaşýandygyny aýtdy. 22-nji iýunda ÝB-niň Serbiýa-Kosowo dialogy boýunça ýörite wekili Miroslaw Lajçak Belgrada barýar.

Wuçiç Larçakyň saparynyň ertesi dessine Moskwa barýandygyny we yzýany Brussele ýa-da Waşingtona, soňra-da Sloweniýa sapar etjekdigini mälim etdi.

Saýlawlaryň netijeleri tassyklanandan soň merkezçi-sagçy SNS partiýasyna dört ýyllap häkimiýet başynda bolmaga ygtyýar berer. Saýlawlar Kosowo boýunça dialogy dikeltmek boýunça halkara tagallalarynyň batlanan wagtyna gabat geldi. Öň Serbiýanyň düzümine giren regionda etnik albanlar köplügi emele getirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG