Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň we Orsýetiň arasyndaky ýadro ylalaşygy boýunça gepleşikler başlanýar


ABŞ-nyň ýaraglara gözegçilik boýunça ýörite wekili Marşal Billingslea ABŞ-Orsýet duşuşygyna barýar, Wena, 22-nji iýun, 2020

ABŞ-nyň we Orsýetiň soňky iň uly ýadro şertnamasy bolan “Täze START” (Strategiki ýaraglary azaltmak şertnamasy) boýunça iki günlük gepleşikleri 22-nji iýunda Wenada başlandy. Bu şertnama her bir tarapyň uzak aralyga niýetlenen ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmagy öz içine alýar.

ABŞ ýarag gözegçiligi boýunça ýokary derejeli wekili Marşal Billingsleanyň Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen gepleşik geçirmek üçin Awstriýa barjakdygyny geçen hepdede habar beripdi.

Orsýet ýurtlaryň uzak aralyga niýetlenen ýadro ýaraglarynyň sanyny 1550-e çenli çäklendirýän "Täze START" ylalaşygynyň möhletiniň uzaldylmagyny isledi. ABŞ we Orsýetiň arasyndaky ýadro ýaraglaryna gözegçilik boýunça bu şertnamasynyň möhleti fewral aýynda gutarýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary geljekde ýadro ýaraglary baradaky şertnamalara Hytaýyň goşulmagyny isleýändigini aýtdy. Hytaý gepleşiklere goşulmak synanyşygyny birnäçe gezek ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG